Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda ulag partladyldy


Yragyň paýtagty Bagdatda janyndan geçen bir hüjümçi ulagy partladanda, ençeme adam öldi we ýaralandy.

Ýekşenbe güni berlen maglumatlarda, hüjümde ýedi adamyň ölendigi aýdylýar. Ir bilen ýüze çykan bu wakada 20 töweregi adamyň hem ýaralanandygy nygtalýar.

Partlama aglaba şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan Kadhimiýah etrabynda amala aşyryldy. Ölenleriň üçüsiniň polisiýa işgärleridigi tassyklandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG