Sepleriň elýeterliligi

Eýranda kosmos merkezi açyldy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad kosmosa gözegçilik edýän merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Paýtagt Tährandan 200 km. töweregi uzaklykda ýerleşýän Deljan şäherinde geçirilen çärä Ahmadinejad bilen birlikde, ýurduň goranmak ministri Ahmad Wahidi we beýleki resmiler gatnaşdy.

IRNA habar agentliginiň habar bermegine görä, merkez özüniň maglumatlaryny beýleki döwletler bilen hem paýlaşar.

Häzirki wagt Eýran özüniň kosmos programmasy çäginde dokuz merkezi dolandyrýar. Olaryň biri Siriýada ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG