Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Polisiýanyň işgärleri öldürildi


Pakistanda amala aşyrylan hüjümleriň netijesinde polisiýanyň, harbylaryň ençeme işgäri öldi we ýaralandy.

Ýurduň demirgazygynda aňtaw gullugynyň iki işgäri köçe ýaka bomba uçrap, heläk boldy. Wakada başga-da bir esger ýaralandy.

Demirgazyk Waziristan welaýatynda harby kerwene garşy amala aşyrylan partlamada, iki esgeriň ölendigi habar berilýär.

Şeýle-de ýekşenbe güni Karaçi şäherinde ýaragly bir adam polisiýanyň işgärlerine ot açdy. Hüjümde polisiýanyň iki işgäri öldi, başga-da biri ýaralandy. Şenbe güni Karaçide bolan atyşykda ýedi adam, şol sanda polisiýanyň bir ofiseri-de ölüpdi.
XS
SM
MD
LG