Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nalçikde polisiýa ofiseri öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Nalçik şäherinde polisiýanyň ofiseri, öten agşam edilen hüjümden soň, ýekşenbe güni keselhanada ýogaldy. Bu barada Kabardino-Balkariýanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat edarasy habar berýär.

Resmi maglumata görä, öten agşam iki sany ýaragly adam polisiýanyň işgärlerine ot açypdyr. Nalçik şäherinde bolan bu wakada polisiýanyň başga-da bir işgäri ýaralandy.

Ok atyşlykda hüjümçileriň biri öldürildi. Ikinjisiniň gözleg işleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG