Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan protestçileri ýazgardy


Türkiýe: Hökümete garşy protestler dowam edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:06 0:00

Türkiýe: Hökümete garşy protestler dowam edýär

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan çykyş edip, nobatdaky gezek hökümete garşy protestçileri ýazgardy. Erdogan özüniň tarapdarlaryna ýüzlenip, geljek ýyl geçiriljek ýerli saýlawlarda “protestçilere sapak bermäge” çagyrdy.

Erdogan bu barada ýekşenbe güni Adana şäherinde çykyş etdi. Şenbe güni agşam bu şäherde hökümetiň tarapdarlary we garşydaşlary özara çaknyşypdy.

Awtobusyň üstünde eden çykyşynda Erdogan tarapdarlaryny gazaplylykdan daşda durmaga çagyrdy. Türkiýede hökümete garşy protestler 10 gün bäri dowam edýär.

Adanadan soň Erdogan Mersin şäherine gitdi. Ol ýerde hem Türkiýäniň premýer-ministri meňzeş mazmunly çykyş etdi we täze sport desgasyny açdy.

Protestler dowam edýär

Ýekşenbe güni Stambul şäherinde on müňlerçe protestçi demonstrasiýa geçirdi. Şeýle-de protestler Türkiýäniň Ankara, Izmir we beýleki şäherlerinde geçirildi.

Stambulda protestçiler polisiýa garşy feýwerkleri atdy, polisiýa hem muňa göz ýaşardyjy gazy bilen jogap berdi.

Şenbe güni Türkiýäniň hökümeti ýagdaýlaryň “gözegçilik astynda saklanýandygyny” öňe sürdi.

Erdoganyň “Adalat we Galkynyş partiýasynyň” başlygynyň orunbasary Hüseýin Çelik çykyş edip, hökümetiň protestçileriň möhletinden öň saýlawlary geçirmek baradaky çagyryşlaryny ret edýändigini aýtdy.

Çelik: “Türkiýäniň käbir habar serişdeleri saýlawlaryň möhletinden öň geçiriljekdigi barada maglumat berdiler. Men bu maglumatlaryň dolulygyna esassyzdygyny aýdýaryn. Bular ýalan hekaýalardyr”.

Şeýle-de Çelik ýakyn günlerde hökümet agzalarynyň ýygnanyp, protestler barada maslahat geçirjekdigini hem sözüne goşdy.

Hökümete garşy protestler 31-nji maýda Stambulda başlandy. Taksim meýdanyndaky parahatçylykly protestler, polisiýanyň basyp ýatyrmak synanşygyndan soň, gazaplylyga ýazdy.

Protestçiler Eroganyň awtoritar we yslamçy bolandygyny öňe sürüp, närazylygyny beýan edýärler.

10 gün bäri dowam edýän protestlerde iki protestçi we bir polisiýa işgäri öldi.
XS
SM
MD
LG