Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan protestçilere duýduryş berdi


Stambul şäheriniň Taksim meýdanynda müňlerçe protestçileriň Türkiýäniň premýer-ministri Taýyp Erdogana garşylyk bildirip, çykyşa başlanyna duşenbe güni on bir gün boldy.

Erdogan özüniň sabrynyň çäklidigini duýduryp, protestçileriň bu hereketini mundan alty ýyl ozal harbylaryň güýje daýanyp, öz hökümetini agdarmaga edilen synanyşyga meňzetdi.

Türk premýer-ministri özüniň ykbalynyň köçelerde däl-de, saýlawlarda çözüljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagt Ankarada Erdoganyň çykyş eden meýdanyndan birnäçe kilometr uzaklykda howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we suw pürküji serişdeleri ulanandygy habar berilýär.

Tolgunyşyklarda üç adamyň öldürilip, 500-den gowrak protestçiniň ýaralanandygy mälim edildi. Belli bolşuna görä, 31-nji maýda Stambulyň ortasynda häzirki parkyň ýerinde söwda merkeziniň gurulmagy baradaky plana garşy geçirilen parahatçylykly protestlere howpsuzlyk güýçleriniň ýowuz daraşmagy netijesinde, 31-nji maýdan bäri ýurduň 78 şäherinde protest demonstrasiýalary geçirilýär.
XS
SM
MD
LG