Sepleriň elýeterliligi

Şerman: Eýranyň prezident saýlawlary azat bolmaz


Wendi R. Şerman

Wendi R. Şerman

Birleşen Ştatlar Eýranyň ýetip gelýän prezident saýlawlarynyň halkara ölçegleri esasynda azat, adalatly we ynamdar bolmajagyny aýdýar. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Wendi Şerman bu sözleri eýranlylaryň indiki prezidentlerini saýlamak üçin gatnaşjak ses berişliklerine bir hepdeden hem az wagt galanda aýtdy.

Şerman Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçysy Golnaz Ýesfandiari bilen söhbetdeşlikde bu saýlawyň netijesiniň nähili boljagy we onuň ýurduň geljegi üçin nämäni aňlatjagy aýdyň däl diýdi.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Men biraz giň soragdan başlamak isleýärin. Siziň nukdaý nazaryňyzdan seredilende, Eýran režimi nähili zat? Eýran, Sowet Soýuzy ýaly, günleriň birinde ýaryljak wagt bombasymy? Ýa-da ol gelýän onýyllyklara uzap gitjek tipiki diktatorlykmy?

Wendi Şerman: Dogrusy, men özümiziň duran ýerimize nazar aýlamaly diýip pikir edýärin. Ahyr netijede, Eýranyň geljegini eýran halky kesgitlemeli. Bu Birleşen Ştatlara ýa-da 5+1 döwletlerine bagly zat däl. Bu ýurtdaky seçgiler, kararlar režim tarapyndan edilýär, onsoň ol režimden hasap soramaly Eýranyň halky bolup durýar.

Açygy, Birleşen Ştatlaryň nukdaý nazaryndan, biz Eýranyň ýadro programmasy barada örän aladaly. Biz bu programma ýadro ýaragyny edinmekligi maksat edinýär diýip hasaplaýarys we bu dünýä üçin hatarly bolar. Şeýle bolansoň, Birleşen Ştatlaryň prezidenti özüniň Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge ýol bermejegini aýtdy. Biz ol režimiň basym öz halky üçin gowy strategiki seçgi etmegine we 5+1 döwletleri bilen çynlakaý we esasly gepleşmek kararyna gelmegine, netijede eýran halkynyň geljeginiň ýagty bolmagyna umyt baglaýarys.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Ozalky diplomatlaryň we ekspertleriň bir topary soňky hepdelerde bir zady, Birleşen Ştatlaryň Eýranyň dawaly ýadro aktiwliklerini soňlamak ugrundaky tagallalary diňe basyşa esaslanýar diýen pikiri barha kän gaýtalaýarlar. Olar munuň diňe ady "iki taraply ýol", häzirki çemeleşiş Eýranyň öz ýoluny üýtgetmegine getirjege asla meňzemeýär diýýärler. Siz bu aýdylýana näme diýmekçi?

Şerman: Ýagşy, men bu meselede her bir adamda bolup biljek lapykeçlige düşünýärin diýmekçi, sebäbi bu ýerde entek gazanylan netijeler ýok. Eýran öz ýadro programmasyny dowam etdirýär, sanksiýalar bolsa barha berkleşýär we eýran barha beter izolýasiýa düşýär, onuň halky üçin bolsa durmuş-ýaşaýyş agyr. Bu durmuş olar üçin diňe Birleşen Ştatlaryň ýa Ýewropa Bileleşiginiň, ýa-da BMG-niň Howsuzlyk geňeşiniň sanksiýalary sebäpli agyr däl, eýsem režimiň saýlap alýan ugur-ýoly sebäpli has agyr.

Bu ýerde jogapkärçilik hakykatdan hem Eýranyň hökümetiniň näme etmek isleýändigini kesgitlemeginiň üstüne düşýär. Ol eger, 5+1 döwletleri bilen esasly we konstruktiw gepleşse, sanksiýalaryň bir salymyň içinde ýatyrylmagyny gazanyp biler.

Şeýlelikde, bu karar hakykatdan hem eýran režiminiň gelmeli karary diýip pikir edýärin we biz, sanksiýalary ýatyrmak üçin, tutuş programma barada gepleşiklere taýýar. Prezidentiň hut özüniň hem aýdyşy ýaly, döwlet sekretary Jon Kerri hem Eýranyň, eger BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalary esasynda öz halkara borçlaryna we jogapkärçiliklerine boýun bolsa, parahatçylykly ýadro programmasyny edinip, kadaly durmuşa eýe bolup biljegini aýtdy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Emma siz öz syýasatyňyzyň Eýrany öz ynjyk ýadro aktiwliklerinden el çekdirip bilmejegi baradaky tankyda näme jogap berjek?

Şerman: Meniň pikirimçe, biziň başgalara gulak asmagymyz, beýleki adamlaryň edýän pikirlerini diňlemegimiz örän peýdaly. Biz olaryň hemmesini hasaba alýarys we ynanyň, biz özümiziň konstruktiw netije berer diýip pikir edýän ýolumyzdan barýarys. 5+1 döwletleri häzir öz çemeleşişlerinde bir-bitewi pikirde we, biz hemişe beýleki adamlaryň pikir-garaýyşlaryny alarys hem-de olary öz edýän zadymyzyň garşysynda goýup, barlap göreris. Emma edil häzir 5+1 döwletleriniň ählisi öňe süýşmek meselesinde bir-bitewi pikirde.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Siz öz syýasatyňyzyň üstünligini näme bilen ölçeýärsiňiz?

Şerman: Bu üstünlik Eýranyň, hususan-da onuň ýokary lideriniň ahyr netijede öz režiminiň bähbidindäki, eýran halkynyň bähbidindäki strategiki karara, izolýasiýany soňlap, halkara jemgyýetçiligine gaýtadan goşulmak pikirine gelip-gelmejegi bilen ölçeler.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Ol ýerde sanksiýa üçin hiç bir zadyň galmajak pursaty hem bolarmy? Birleşen Ştatlar şonda näme eder?

Şerman: Meniň pikirimçe, bu ýerde şonda-da ugur-ýol tapylar. Prezident bu ýerde entek gepleşikler üçin wagt bar diýdi. Biziň hemmämiz parahatçylykly netijä berk gol ýapýarys. Hiç kim başga ýoldan gitmek islemeýär. Emma prezident hemme çärä seredilip bilinjekdigini hem aýtdy.

Şeýlelikde, biziň entek parahatçylykly çözgüt üçin wagtymyz bar we biz munuň üçin ähli tagallany edýäris. Bu wagt soňsuz däl, emma heniz pursat bar.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Eýrandan gowuşýan habarlara görä, sanksiýalar ýönekeý eýranlylaryň gün-güzeranyny kynlaşdyrýar. Siziň özüňiz hem adamlaryň kyn şertlerde ýaşaýandygyny aýtdyňyz. Golaýda Tähranda bir aýal maňa Birleşen Ştatlar sanksiýalar bilen eýran halkyny jezalandyrýan ýaly duýýaryn diýdi. Siz Eýrandaky jemgytçilik pikiri, sanksiýalar zerarly, ýuwaş-ýuwaşdan Birleşen Ştatlaryň garşysyna öwrüler diýip alada etmeýärsiňizmi?

Şerman: Ozaly bilen, biz azyk önümleriniň, dermanlaryň we medisina enjamlarynyň hiç bir sanksiýa düşürilmezligi üçin berk seresaplylyk çärelerini gördük. Munuň üçin biz, hakykatda, dünýäniň derman öndürýän kompaniýalaryna, medisina enjamlaryny öndürýän kompaniýalara, azyk kompaniýalaryna adam iberip, olaryň şol önümleri Eýrana iberip biljekdiklerini aýtdyk. Ol önümler hiç bir jähtden sanksiýa düşürilip bilinmez. Onsoň biz nirede şeýle problema ýüze çyksa, ol problemalary çözmäge çalyşdyk.
Saýlawda bäsleşige çykmaly adamlar baradaky karar Sakçylar geňeşi tarapyndan edildi. Bu halk tarapyndan saýlanan, halk öňünde hasabat berýän gurama däl." Şerman

Biz bu meseleler babatdaky problemanyň bir böleginiň režimiň kararlary bilen baglydygyna düşünýäris. Hakykatda, ýurduň saglyk ministri, işden aýrylmazyndan ozal, halka daşary ýurtdan derman getrmek üçin Eýranyň býujetinden ýeterlik serişde goýberilmeýändigini öz dili bilen aýtdy.

Onsoň bu, ahyr netijede, eýran hökümetiniň saýlap-seçen ýoly bolýar, biziň saýlan ýolumyz bolmaýar.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Birleşen Ştatlar geçen hepde Eýrana tehnologiýa satmaga girizilen sanksiýany ýatyrdy. Käbir tankytçylar munuň ýagşy niýet yşaraty bolandygyny ret etdiler. Olar öz pikirlerine delil edip bu hereketiň çalt täsiriniň bolmažagyny, sebäbi maliýe sanksiýalarynyň güýjünde galýandygyny aýtdylar. Siz kompaniýalara kepillikleri berdiňizmi?

Şerman: Bz dünýä kompaniýalaryna çykyp, olaryň indi esasy ygtyýarnamasynyň bardygyny açyk-aýdyň etdik. Olar munuň üçin ýörite rugsat almaly däl. Olar programmalary, apparatura enjamlaryny satyp bilerler, bu hili zatlar gadaganlyga düşmez... Biz eýran halkynyň, eger özleri islese, bir-biri bilen howpsuz we ynamly gepleşip biljegini ynandyrmak isleýäris.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Eýranlylar bir hepdeden hem az wagtdan öz geljekki prezidentleri üçin ses bermäge çykarlar. Siz Birleşen Ştatlaryň tarap tutmaýandygyny aýtdyňyz. Emma bir aram prezident saýlansa, Eýran bilen düşünişmek biraz aňsat bolmazmy?

Şerman: Bu hakykatdanam eýran halkynyň saýlap-seçmeli zady, Birleşen Ştatlaryňky däl. Biz alada edilýän ýadro meselesiniň hem duran ýeri şu diýip düşünýäris, karar ýokary lider tarapyndan kabul edilýär, hut şol ýer hem seçgileriň we kararlaryň kabul edilýän ýeri.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy: Onda siz saýlawdan soň hiç bir üýtgeşikligiň bolmagyna garaşmaýarsyňyz-da, şeýlemi?

Şerman: Men bilmeýärin. Meniň pikirimçe, eýran saýlawynyň nähili öwrüm aljagyny hiç kim bilmeýär, bu halkara ölçegleri esasynda ne azat, ne adalatly, ne-de ynanmdar boljak şu saýlawda hem şeýle. Saýlawda bäsleşige çykmaly adamlar baradaky karar Sakçylar geňeşi tarapyndan edildi. Bu halk tarapyndan saýlanan, halk öňünde hasabat berýän gurama däl. Bu kriteriýa o diýen aýdyň däl.

Onsoň bu halkara ölçegleri boýunça azat, adalatly ýa-da ynamdar saýlaw bolmaýar. Emma muňa garamazdan, eýran halky özünde bar bolan mümkinçilikleriň çäginde bir saýlaw-seçgi eder. Ýöne men bu ýerden nähili netije çykjagyny we ol netijäniň Eýranyň geljegi üçin nämäni aňlatjagyny bilýän bardyr öýtmeýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG