Sepleriň elýeterliligi

Snowden hökümet syryny açandygyny boýun aldy


ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň we Merkezi aňtaw gullugynyň 29 ýaşly öňki işgäri Edward Snowden ABŞ-nyň barlag programmasy baradaky gizlin maglumatlary habar serişdelerine berendigini boýun aldy.

Edward Snowden öz ýurdunyň jogapkärçiliksiz we her bir amerikan raýatynyň yzyndan gizlin içalyçylyk etjek mehanizmi gurnaýar diýip oýlany üçin şeýle hereket edendigini aýtdy.

Snowdeniň beren maglumatlaryna esaslanyp geçen hepde "Washington Post" we Britaniýanyň “Guardian” gazetlerinde çap edilen maglumatlarda “Verizon” mobil operatory arkaly bolýan telefon gepleşiklere, şeýle-de Facebook we Google ýaly websahypalardaky maglumatlara ABŞ-nyň howpsuzlyk güýçleriniň nähili gözegçilik edendikleri jikme-jik paş edilýär.

Ýekşenbe güni “Guardian”, Snowdeniň öz haýyşy boýunça, onuň adyny köpçülige mälim etdi. Agzalýan habar serişdesinde Snowdeniň Gonkongdan beren interwýusy hem çap edilipdi. Çaklamalara görä, ol şol ýerde galýar.

Merkezi aňtaw gullugy bu barada bir zat diýmekden boýun gaçyrdy. ABŞ-nyň resmileri bolsa Snowdeniň bu hereketlerine howply we jogapkärçiliksiz diýip baha berdiler.
XS
SM
MD
LG