Sepleriň elýeterliligi

Talybanlar NATO-nyň ofisine hüjüm etdiler


Duşenbe güni talyban söweşijileriniň Kabulyň iň uly aeroportynyň golaýynda bir hüjümi amala aşyrandyklary habar berilýär. Owgan häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, ençeme sagat dowam eden atyşykdan soň hüjümçileriň ählisi öldürilipdir.

Kabulyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Aýub Salangi Azatlyk Radiosyna ýedi söweşijiniň öldürilendigini, howpsuzlyk güýçlerinden bolsa adam ýitgisiniň bolmandygyny mälim etdi.

”Talybanyň” sözçüsi Zabiullah Mujahit talybanlaryň bu hüjüminiň NATO-nyň Kabuldaky ofisine gönükdirilendigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, NATO-nyň Kabuldaky baş edarasy aeroportuň golaýynda ýerleşýär.

Şäher polisiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, janyndan geçen hüjümçiler duşenbe güni irden aeroportuň golaýynda gurluşygy dowam edýän birnäçe binany eýeläp, şol ýerden NATO-nyň baş edarasyna hüjüm edipdirler
XS
SM
MD
LG