Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Eýrany kiber hüjümde aýyplady


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň aýtmagyna görä, Eýran tarapyndan Ysraýyla garşy edilýän kiber hüjümleriň sany göz-görtele artypdyr.

Ýekşenbe güni Tel-Awiwde geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Netanýahu Eýranyň kiber hüjümleriniň Ysraýylyň “derwaýys sistemalarynyň” garşysyna gönükdirilendigini nygtady.
Mundan başga-da Netanýahu öz çykyşynda Eýranyň ýaranlary bolan Liwandaky ”Hezbolla” we Palestinanynyň territoriýasynda hereket edýän ”Hamas” toparlaryny bu kiber hüjümlere gatnaşanlykda aýyplady.
Premýer-ministr ýakynda Ysraýylyň suw-üpjünçilik we elektrik energiýasy ulgamlaryna, otlularyň dolandyrylyşyna we banklara kiber hüjümleriň edilendigini habar berdi.

Netanýahu, kiber älemindäki ösüşleriň dowam etmegi bilen, beýle hüjümleriň barha ýygylaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG