Sepleriň elýeterliligi

Peterburgly deputat ýakymsyz ýaglary ýazgarýar


W. Milonow

W. Milonow

Peterburgly deputat Witaliý Milonow geçen ýyl wagtynyň bir bölegini "gomeseksual wagzy" diýilýäne garşy göreşip geçiren bolsa, indi başga duşmana – tiz taýýarlanýan naharlara garşy göreşýär.

Milonow Orsýetiň ikinji uly şäherindäki restoranlarda naharlaryň düzümindäki ýokumsyz ýaglaryň mukdaryny azaltmak, taýýarlanýan azyk önümleriniň düzümindäki maddalary görkezýän maglumatlary ýazyp görkezmek boýunça kanun taslamasyny taýrlady. Ol indi bu göreşini bütin ýurt möçberinde ýaýbaňlandyrmak isleýär.

Peterburgda bir tiz nahar restorany.

Peterburgda bir tiz nahar restorany.

Peterburgyň Kanunçylyk assambleýasynyň deputaty Milonow Orsýetde azyk önümleriniň hilini gowulandyrmaga, naharlarda ýürek kesellerine getirip biljek ýokumsyz ýaglaryň möçberiniň azaldylmagyna getirjek çäklendirmeleri içine alýan milli kanunyň kabul edilmegine çagyrýar.

Sankt Peterburgyň Kanunçylyk assambleýasy çarşenbe güni, 5-nji iýunda bu uguradky kanun taslamasyny ilkinji okaýyşda kabul etdi. Bu kanun golaýda döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin Orsýetiň Döwlet dumasyna iberiler.

Bu kanunçylyk prosesi düzüminde 2 prosentden agdyk trans-ýagly kislota bolan azyk önümini import etmegi, satmagy gadagan edýär. Milonow şeýle azyk önümleriniň saglyk duýduryşynyň hem bolmagyna çagyrýar. Ol tiz bişirilýän naharlary satýan naharhanalary iň ýaramaz kanun bozujylar diýip atlandyrýar we öz başlangyjynyň berhizleri ýokarlandyrjagyna umyt edýär.

Şeýle-de Milonow hödürlenýän azyklaryň ýarlyklarynda önümiň iýmit we hümmet derejesiniň görkezilmegini talap edýär.

Ol Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Gynansak-da, tiz bişirilýän naharlar biznesi öz hereketleri üçin jogap bermeýär. Bir tarapdan olar bir ýetimhana üçin pul toplaýar, beýleki tarapdan, çagalar üçin ýörite naharlary taýýarlamak arkaly, howply trans ýaglary ulanmak bilen, ýüz müňlerçe çaganyň saglygyny opurýar."

Günbatardan alnan ylham

Ol özüniň bu başlangyjyna Günbatarda ýagly naharlara garşy guralýan kampaniýalardan ylham alandygyny aýtdy.

"Bu ýurtda tiz bişirilýän naharlary çäklendirmek üçin başlanan başlangyç däl. Bu biziň ýurdumyzda trans ýaglary ulanmagy çäklendirmek üçin başlanan başlangyç. Men Olimpiýa oýunlary mahalynda Beýik Britaniýada bolan graždan aktiwliginden ylham aldym. Men "Utujylar şu naharlardan iýmäň" diýen şygarly herekete goşulýaryn. Men bu dogry şygar diýip ynanýaryn. Eger bir halkara kompaniýasy nahar üçin trans ýaglary ulanýan bolsa, onda olar bir seçgi etmeli: ýa olar üýtgedilmedik tebigy önümleri ulanmaga geçmeli, ýa-da olar beýle önümi öndürmegi goýmaly. Sebäbi ol saglyk üçin gaty howply, hususan-da çagalar üçin.”

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg, trans ýaglara göreşiň çäginde, 2008-nji ýylda restoranlarda nahar bişirilende gidrirlenen ösümlik ýaglaryny ulanmagy gadagan etdi. Blumberg şondan bäri düzüminde kän mukdarda şeker bolan içgileri nyşana almagyň çäresini agtarýar.

Milonowyň Sankt Peterburgdaky kanun tagallasy Orsýetiň regionlarynda dowam edýän başga bir geň-taň kampaniýanyň, semizlige garşy göreşiň gerim alýan wagtyna gabat geldi.

Penza oblastynyň gubernatory Wasiliý Boçkarýow şu hepde öz töweregindäki ýerli resmilere, eger işlerini ýitirmejek bolsalar, agramlaryny kemeltmegi tabşyrdy. Penza Habar gullugynyň şu hepde beren maglumatyna görä, Boçkarýow öz saglyk ministrine şeýle diýipdir: "Men saňa şu ýyl 16 kilo agramyňy aýyrmagy buýurýaryn."

Ol öz sport ministrine berhiz tut diýip dyzady: “Seniň iki aý möhletiň bar. Eger sen agramyňy kemeldip, özüňi tijemseň, onda hökümetden git! Sen bu äpet garnyň bilen nädip sport komitetinde işläp biljek?”

Ylmy-barlag maglumatlaryna görä, 2012-nji ýylyň sentýabrynda orsýetli erkekleriň arasynda koronar ýürek kesellerinden ölýänleriň derejesi 2003-nji we 2009-njy ýyllar arasyndakydan mazaly aşak gaçdy. Emma her ýüz müň orsýetliden 251 adamyň ýürek kesllerinden ölmegi, ýewropa ýurtlaryndaky dereje bilen deňeşdirilende, entegem ýokary hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG