Sepleriň elýeterliligi

Balkanly söweşijiler siriýaly gozgalaňçylara goşulýarlar


Tripoli, 7-nji iýun, 2013.

Tripoli, 7-nji iýun, 2013.

Balkan döwletlerinden bolan musulmanlar Siriýa baryp, sirirýaly gozgalaňçylara prezident Başar al-Assadyň režimine garşy göreşmäge ýardam berýärler.

Eldar Kundakowiç maý aýynda siriýaly gozgalaňçylary türmeden boşatmak boýunça bolan söweşlere gatnaşyp, şonda el granatyndan heläk boldy.

Kundakowiç Siriýada prezident Başar al-Assada garşy söweşýän gozgalaňçylaryň aglaba köpüsinden tapawutlylykda siriýaly ýa-da goňşy arap ýurtlarynyň ýaşaýjysy däldi. Ol Serbiýanyň esasan bosniýaly musulmanlardan ybarat ilatly Sandzak regionynyň Nowi Pazar diýen ýerindendi.

Onuň ölümi barada siriýaly gozgalaňçylar tarapyndan internetde ýerleşdirilen maglumat Balkan döwletlerinden gelip çykan ýaş musulmanlaryň Siriýa baryp, gozgalaňçylara goşulmagy bilen bagly tendensiýanyň barha artýandygyna ünsi çekdi.

Balkan döwletlerinden Ýakyn Gündogar regionyna edilýän şeýle syýahatlary serbiýaly, montenegroly, bosniýa-gersegowinaly, makedoniýaly, kosowoly we albaniýaly musulmanlar edýärler.

Liwanyň şaýy ”Hezbolla” toparynyň Siriýada söweşýän müňlerçe söweşijilerine garanda, Siriýada balkanly musulmanlaryň sany onçakly köp däl. Olaryň sanynyň birnäçe müň adamdan aşmaýandygy çak edilýär.

Salafizm ideologiýasy

Köp ýagdaýda balkanly söweşijier ”Al-Kaýdanyň” agzalaryny öz içine alýan fundamental Salafizm ideologiýasyna eýerýärler.

Salafitleriň Balkan döwletlerindäki liderleri balkanly söweşijileri Siriýa ibermek işine baş goşmaýandyklaryny aýdýarlar we siriýaly gozgalaňçylara goşulýan balkanly musulmanlaryň özbaşdak hereket edýändiklerini nygtaýarlar.

Sandzak regionynyň müftüler geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Resad Ploýowiçiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol balkanly musulmanlary gurmaçylykly toplaýan we şeýle işe baş goşmaga “ündeýän guramalar we şahslar” bar diýip hasap edýär.

Ýaşlaryň radikallaşmagy

Siriýada wepat bolan Eldar Kundakowiçiň kakasy AÝ/AR bilen söhbetdeş bolup, öz ogly bilen mart aýynyň aýagynda, ol Türkiýeden Siriýa baran wagty telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýtdy.

Esad Kundakowiç öz oglunyň 30 çemesi adamdan ybarat gozgalaňçylar toparyna Sandzak regionynda goşulandygyny gürrüň berdi.

Kundakowiçiň Nowi Pazardaky dosty Mina Ýowiçiç Eldaryň entek Siriýa barmanka eýýäm radikallaşandygyny aýtdy. Ol Eldar Kundakowiçiň dine uýup başlandygyny, radikal yslamyň tarapdarlarynyň üýşmeleňlerine we leksiýalaryna öňden gatnaşyp ugrandygyny gürrüň berdi.

Siriýaly gozgalaňçylar bilen bile söweşen kosowoly we makedoniýaly söweşijiler “sünni doganlaryna” Assadyň režimine garşy göreşde ýardam bermek isländiklerini AÝ/AR-a aýtdylar.

Makedoniýaly bir söweşiji siriýaly gozgalaňçylara olaryň Wenadaky wekili arkaly goşulandygyny gürrüň berdi.

Musulmanlary Siriýadaky gozgalaňçylara goşulmaga ündemek işini Salafizm ideologiýasyny ornaşdyrýan toparlaryň alyp barýandygy güman edilýär.

Salafitleriň Balkanlardaky iň uly täsiri Bosniýada we Gersegowinada duýulýar. Olar bu ýerde 1992-1995-nji ýyllarda regionda bolan uruşdan soň ornaşypdy. Çaklamalara görä, Saud Arabystanyndaky radikal dini toparlardan gelýän maliýe goldawy olaryň täsirini hasam artdyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG