Sepleriň elýeterliligi

Dünýä parahatçylygy peselýär


Täze geçirilen barlaglar adam öldürmegiň köpelmegi we käbir ýurtlaryň harby çykdajylarynyň artdyrylmagy netijesinde dünýä parahatçylygynyň derejesiniň pese gaçýandygyny görkezdi.

2013-ji ýylyň Global parahatçylyk indeksi geçen ýyl 110 ýurduň öňküsinden az parahatçylykly bolandygyny, 48 ýurduň bolsa has parahat bolandygyny aýtdy.

Bu barlagda Siriýa urşy, Eýranda, Yrakda, Owganystanda we beýleki ýurtlarda edilýän harby çykdajylar mysal getirilýär.

Onda Orsýetiň we Ýewraziýanyň dünýäniň az parahatçylykly regionlary bolmagynda galandygy, olardan yzda diňe Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň, Demirgazyk Afrikanyň bardygy aýdylýar.

Ylmy barlag Islandýainyň iň parahatçylykly, Owganystanyň bolsa iň parahatçylyksyz ýurt bolandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG