Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Siriýa baradaky maslahata gatnaşar


Döwlet sekretary Jon Kerri Ak tamyň şu hepde siriýa oppozisiýasyna kömek bermek baradaky gepleşiklerine gatnaşmak üçin Ysraýla we Palestina etmeli saparyny soňa goýdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki bu duşuşykda oppozisiýa kömek bermegiň ol ýere amerikan goşunlaryny ibermekden başga ähli mümkinçiliklerine garaljakdygyny aýtdy.

Bu habar Waşington Liwanyň Hizbolla topary hökümet tarapynda konflikte goşulaly bäri siriýa gozgalaňçylaryny ýaraglandyrmalymy ýa däl diýen meselä seredýär diýen maglumatlardan soň ýaýradyldy.

Eýranyň goldawyndaky Hizbolla söweşijileri geçen hepde hökümet güýçlerine strategiki şäher bolan Kuseýri yzyna almaga kömek etdiler.
XS
SM
MD
LG