Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrak: Bomba tolkunynda onlarça adam öldi


Yrakda sünni-şaýy mezhep zorlugynyň beterleşmegi diýilýän netijesinde 70 çemesi adam öldi.

Duşenbe güni bolan partlamalarda demirgazykdaky Mosul şäherinde ýerleşýän howpsuzlyk güýçleri nyşana alnyp, azyndan 24 adam öldürildi.

Sişenbe güni irden bolan hüjümlerde birnäçe ýer, şol sanda Daýala welaýatyndaky azyk bazary nyşana alyndy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini entek hiç bir topar üstüne almady. Emma habarlarda sünni ekstremistleriniň güman edilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG