Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa "Talybany" günäleýär


Owgan häkimiýetleri kellesi kesilen iki oglany talyban jeňçileriniň öldürendigini aýdýarlar.

Ol oglanlar 10 we 16 ýaşlaryndady. Kandahar welaýat polisiýasynyň sözçüsi Gorzaň Afridi ol oglanlaryň ýekşenbe güni goşun we polisiýa barlag nokatlarynyň ýanyndan azyk gözläp, öýlerine gaýdyp gelýärkäler talyban jeňçileri tarapyndan saklanandygyny we "içaly" diýlip, kelleleriniň kesilendigini aýtdy.

Afridi ol oglanlaryň jesetleriniň duşenbe güni Žari etrabyndaky bir obanyň ýaşaýjylary tarapyndan tapylandygyny hem sözüne goşdy.

"Talyban" toparynyň sözçüsi Kary Ýusuf Ahmadi özleriniň bu işe dahyllydyklaryny ret etdi.

Ol bu habaryň duşenbe güni "Talybanyň" Kabula eden hüjüminden ünsi sowmak üçin ýaýradylýandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG