Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Gözegçilik işiniň açyljak syry kän


Birleşen Ştatlaryň gizlin gözegçilik programmasy barada ozalky gorag işgäri tarapyndan syzdyrylan maglumatlary ile ýetiren žurnalist bu iş boýunça entek has "ähmiteli açyşlaryň" boljagyny aýdýar.

Britaniýanyň "Gardian" gazetiniň žurnalisti Glen Grinwold Assoşeýtes Prese Edward Snowden tarapyndan berlen dokumentleriň onlarça makalanyň ýazylmagyna getirjegini aýtdy.

Snowden bir zaman Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk gullugynda işläpdi.

Grinwold häzir indiki makalanyň haçan çap ediljegi barada karara gelinýändigini aýtdy.

Grinwold geçen hepde amerikan hökümetiniň telefon we we internet ýazgylaryny toplamak babatdaky giň gerimli programmasynyň üstüni açýan makalalary ýazdy.

Snowden ol maglumatlary dünýä ýüzündäki adamlaryň esasy hususy syrlaryny goramak üçin syzdyrandygyny aýtdy.

Snowdeniň anyk nirededigi belli däl. Ol duşenbe güni Hoň Koňdaky otelinden çykyp gidipdir.
XS
SM
MD
LG