Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: Aref bäsleşikden çekildi


Anna güni geçiriljek prezident saýlawlarynda degişlilikde aram kandidat hasaplanýan Mohammad Reza Aref özüniň bäsleşige gatnaşmakdan çekilýändigini yglan etdi.

Aref öz internet saýtynda ozalky aram prezident Mohammad Hataminiň özünden bäsleşikden çekilmegi haýyş edendigini aýtdy.

Bu habardan soň, Arefiň bäsleşikden çekilmegini soran reformaçylar onuň tarapdarlarynyň öz seslerini beýleki bir aram kandidata, Hassan Rohanä bermegine çagyrdylar.

Beýleki bir kandidat, ozalky parlament spikeri Golam-Ali Haddad-Adel bäsleşikden duşenbe güni çekildi.

Haddad-Adel ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýä ýakyn adam hasaplanýar.

14-nji iýunda geçjek saýlawlarda bäsleşjek galan kandidatlaryň aglabasy yslam režiminiň goldawçysy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG