Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy Taksim skwerine girdi


Türkiýäniň pitnä garşy polisiýasy barrikada päsgelçiliklerini böwsüp, Stambulyň Taksim skwerine girdi.

Bu ýeri indi bir hepde gowrak wagt bäri hökümete garşy protestçiler eýeläpdi.

Polisiýa protestçileri meýdançadan kowup çykarmak üçin göz ýaşardyjy gaz, aljyradyjy granatlary we suw toplaryny ulandy.

Protestçileriň kiçiräk bölegi olara ot bombalary we feýerwerkler bilen gaýtargy berdi.

Bu protestler 31-nji maýda, Taksim skweriniň Gezi parkyndaky gurluşyk proektine garşy protest bildirýän demonstrantlar güýç bilen dargadylanda möwjäp galdy.

Protestçiler köplenç ýagdaýda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogany we onuň on ýyl ozal häkimiýet başyna gelen Adalat we Galkynyş partiýasyny nyşana alýarlar.

Biraz öň Erdogan çarşenbe güni hökümete garşy protestçiler bilen duşuşjagyny aýtdy.

Protestçiler onuň dolandyryşynyň barha awtoritar häsiýete bolýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG