Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowdeniň maglumatlarynyň “uly paş edişdigi” aýdylýar


ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň maglumatlarynyň üstüni açan Edward Snowden, Gong-Kong, 8-nji iýun, 2013.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň maglumatlarynyň üstüni açan Edward Snowden, Gong-Kong, 8-nji iýun, 2013.
ABŞ-nyň gözegçilik edaralarynyň programmalaryna degişli gizlin maglumatlaryň üstüni açan žurnalist munuň “uly paş edişdigini” nygtaýar.

Britaniýanyň "The Guardian" gazetinden Glenn Grinwaldyň “Assosiated Press” agentligine aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginde we Merkezi aňtaw agentliginde işlän Edward Snowden tarapyndan berlen magumatlarda “onlarça waka barada” gürrüň edilýär.

Glen Grinwaldyň geçen hepdede çap eden maglumatlary ABŞ-nyň internete we telefona gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan giň gerimli döwlet pogrammalary barada habar berildi.

Gizlin programmalar

Şeýle programmalaryň birinde ýüzlerçe million telefon ýazgylar toplanypdyr, olaryň ýurduň daşyndaky terrorçylaryň nyşanlaryny anyklamak üçin toplanandygy aýdylýar.

Habar berlişine görä, “Prism” diýip gizlin at berlen programmalaryň ýene biri hökümete ABŞ-da ýerleşýän internet prowaýderlerinden, sosial ulgamlardan we tehnologiýa kompaniýalaryndan elektron hatlaryň mazmunlaryny toplamaga mümkinçilik berýär.

Amerikan hökümetiniň internetde ýerleşdirilen maglumatlaryň näçesini barlap görýändigi belli däl, emma prezident Barak Obama bu programmany “takyk bir ugra gönükdirilen we “örän çäkli” diýip häsiýetlendirdi.

Programma gatnaşmakda güman edilýän käbir kompaniýalar, şol sanda Facebook, Apple, Microsoft we Google öz serwerlerini hökümet üçin “göni elýeterli” etmändiklerini aýdýarlar.

Edward Snowden bu programmalaryň üstüni açmagynyň sebäbini düşündirip, muny tutuş dünýäde adamlaryň şahsy durmuşyny goramak üçin edendigini aýdýar. 29 ýaşly Snowden bu maglumatlaryň üstüni açandygyny ýekşenbe güni yglan etdi.

Resmi düşündiriş

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý hepdäniň duşenbe güni eden çykyşynda agzalan programmalary gorady we olaryň daşary ýurtlardan gelýän maglumatlary we potensial terrorçylary anyklamak üçin zerurdygyny belledi.

Karneý prezident Barak Obamanyň bu programmalaryň şahsy durmuşa ýetirip biljek täsiri bilen bagly meselä ünsli çemeleşýändigini aýdyp, hökümetiň milli howpsuzlyk we şahsy bähbitler meselesinde aradaky balansy saklamagyň zerurlygyny göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Snowdeniň häzir nirededeigi mälim edilmeýär. Onuň duşenbe güni Gong-Kongyň myhmanhanasyny terk edendigi habar berilýär.

Reaksiýalar

ABŞ-nyň käbir kanunçykaryjylary Snowdeniň ABŞ-a tabşyrylmagyny we jogapkärçilige çekilmegini talap etdiler.

Ýustisiýa ministrligi Snowdeniň hereketlerinde jenaýatçylygyň bolup-bolmandygyny anyklamak üçin derňew geçirýändigini yglan etdi.

Ak Tamyň websaýtynda Snowdeniň günäsini geçmek barada çap edilen maglumat sişenbe güni irden 40 müňden gowrak elektron gol toplady.

Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň werkili Dmitriý Peskowyň “Kommersant” gazetine aýtmagyna görä, Orsýet zerur bolan ýagdaýynda Snowdene başpena bermek mümkinçiligine garamaga taýýar.
XS
SM
MD
LG