Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: "Türkiýäniň abraýyny gaçyrjak bolýarlar"


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan. 11-nji iýun, 2013 ý.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan. 11-nji iýun, 2013 ý.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Stambulda iki hepde mundan ozal başlanan demonstrasiýalary betpäl adamlaryň öz syýasy maksatlary üçin ulanýandyklaryny aýdýar.

Erdogan sişenbe güni Ankarada kanunçykaryjalara şeýle diýdi: “Türkiýäniň abraýyny pese gaçyrmak üçin edilen işler maksatly we planly işlerdir”.

Ol demonstrantlary protestleriň ilkibaşda başlanan ýeri bolan Stambulyň Taksim meýdanynda ýerleşýän Gezi parkyndan çete çekilmäge çagyrdy.

Premýer-ministr gürrüňi edilýän toparlaryň we käbir adamlaryň Stambuldaky we Ankaradaky hususy telekeçileriň iş ýerlerine we döwletiň emläklerine zyýan ýetirmek üçin hem-de adamlary wandalizme itermek üçin protestlerden öz bähbitlerine peýdalanandyklaryny belledi.

Erdoganyň çarşenbe güni hökümete garşy protestçiler bilen duşuşmagyna garaşylýar. Ýöne ol “kanuny” talaplary bolan protestçiler bilen Türkiýäniň abraýyna zyýan ýetirmek isleýänleri tapawutlandyrmalydygyny hem belledi.

Şeýle-de, Erdogan käbir daşary ýurt habar serişdeleriniň Taksim meýdanynda bolup geçýän wakalar barada ýalňyş maglumatlary ýaýradýandyklaryny aýdyp, olaryň işlerini tankyt etdi.

Polisiýanyň amallary

Sişenbe güni polisiýa işgärleri Taksim meýdanyny gurşap alan protestçileri meýdandan çykarmak üçin göz ýaşardyjy gaz, beýhuş edýän granatlary we güýçli suw pürküjileri ulandy.

Käbir protestçiler polisiýa işgärlerine ”molotow kokteýli” hem-de feýrwerk atmak bilen jogap berdi.

Türkiýede çap edilýän “Hürriýet” gazetiniň habarçysy Erdem Güneş sişenbe güni Gezi parkynda bolan wakalary şeýle teswirledi: “Park entägem protestçileriň kontrollygynda, emma Taksim meýdanynyň galan bölegi, ýagny respublikanyň ýadygärligi, Taksimiň esasy merkezi we kaşaň bina bolan Atatürk medeniýet merkezi polisiýa tarapyndan goralýar. Polisiýa işgärleri ähli afişalary we Atatürk medeniýet merkezinden asylan ähli baýdaklary aýryp, ýeke-täk türk baýdagyny goýdy.”
Hökümete garşy demonstrasiýalar 31-nji maýda polisiýa gulluklary Gezi seýil bagynyň gurluşyk taslamasyny kabul etmeýän protestçilere garşy aşa köp güýç ulananyndan soňra başlandy.

Protestler başlanaly bäri şu güne çenli üç adam öldi we 5000-den köp adam ýaralandy.

Häzirki günlerde Türkiýede bolup geçýän protestler, premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan we onuň ”Adalat we Ösüş” (AK) partiýasy 10 ýyl mundan ozal hökümet başyna geçeli bäri, olara garşy geçirilýän iň täsirli protestlerdir.
XS
SM
MD
LG