Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň garry adamy öldi


"Dünýäniň iň garry adamy" diýen ada eýe bolan ýaponiýaly bir erkek kişi 116 ýaşynda öldi.

Ýaponiýanyň resmileri, 1897-nji ýylda doglan Žiromon Kimuranyň çarşenbe güni Kýotango şäheriniň keselhanasynda aradan çykandygyny aýtdylar.

Kimura “Dünýäniň Ginnesler rekordlar” guramasy tarapyndan 2012-nji ýylyň dekabr aýynda "dünýäniň iň garry adamy" diýip kesgitlenipdi.

Žiromon Kimura 116-njy doglan gününi aprel aýynda belläpdi. Maglumatlara görä, ol 40 ýyl töweregi poçta edarasynda işläpdir. Kimuranyň ýedi çagasy bar.
XS
SM
MD
LG