Sepleriň elýeterliligi

Kabulda bomba partladyldy


Owganystanyň Kabul şäheriniň Ýokary sudunyň girelgesinde "Talyban" hereketiniň janyndan geçen hüjümçisi tarapyndan bomba partladyldy. Şol partlamada 17 adam ölüp, 39 adam hem ýaralandy. Bu barada Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň metbugat wekili habar berýär.

Kabulyň jenaýat derňew bölüminiň başlygy general Muhammet Zahiriň aýtmagyna görä, sişenbe günki hüjümlerde ýaralananlaryň köpüsi işden öýlerine gaýdyp barýan Ýokary sudyň işgärleri bolupdyr.

Zahir, bombanyň işgärleriň gatnaw awtobusyna ýerleşdirilendigini aýdyp, hüjümde gönüden-göni Ýokary suduň işgärleriniň nyşana alynandygyny nygtady.
"Talyban" hereketi hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna alyp, beýanat ýaýratdy.

Şol beýanatda, eger Owganystanyň kazyýet edarasy "Talyban" söweşijilerine garşy ölüm jezalaryny çykarmagy dowam etdirse, onda "Talybanyň" olara garşy has köp hüjümleri gurnajakdygy aýdylyp, haýbat atylýar.
XS
SM
MD
LG