Sepleriň elýeterliligi

Internet we howpsuzlyk


Petiklenen websahypanyň suraty

Petiklenen websahypanyň suraty

Internet boýunça dünýä statistiki maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanda geçen ýyl ilatyň 5% töweregi, ýagny takmynan 252,741 adam internetden peýdalanypdyr.

Şol bir wagtda, Internet howpsuzlygyny ätiýaçlandyrýan Kaspersky kompaniýasynyň internet howpsuzlygy boýunça iň yza galak ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan 11-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Agzalýan kompaniýa Türkmenistanda internet ulanyjylaryň 51%-ne internetde hüjüm howatyry abanýandygyny habar berýär.

Eýsem, siz ýokarda agzalan maglumatlar bilen nä derejede ylalaşýaňyz? Türkmenistanda internet ulanyjylaryna howp abanmak mümkinçiligi barmy? Eger "hawa" bolsa, olar nämelerden ybarat?

Şeýle-de, umuman, internet howpsuzlygy boýunça siz nähili tejribeleri başdan geçirdiňiz?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG