Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede protestler köşeşdi


Türkiýäniň Stambul şäherinde polisiýa işgärleri bilen hökümete garşy protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklardan soň dartgynlyk köşeşdi.

Sişenbe güni agşam we çarşenbe güni daňdan polisiýa demonstrantlary Taksim meýdanyndan çykarmak üçin olara göz ýaşardyjy gazlary, suw toplary we rezinden ýasalan oklary atdy.

Protestçiler hem olara daşlary, içi ýangyçly çüýşeleri we feýrwerkler zyňyp gaýtawul berdiler.

Çarşenbe güni protestçileriň Gezi Parkyna sygynmagy bilen, polisiýa meýdanyň gözegçiligini öz kontrollygyna geçirip başlady.

Düýn gijeki çaknyşyklar 31-nji maýda hökümete garşy başlan protestlerden bäri iň dartgynlysy diýip häsiýetlendirildi.

Stambulyň häkimi Hüseýin Awni Mutlu sişenbe güni ýaýradan beýanatynda, protestçileri dargatmak üçin polisiýa güýçleriniň gije-gündiz operasiýalary dowam etdirjekdigini aýtdy.

Mundan ozal Rejep Taýyp Erdogan özüniň yslam gymmatlyklaryna daýanýan hökümetine garşy alnyp barylýan köpçülikleýin demonstrasiýalara garşy geçirimlilik etmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG