Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwada Putine garşy protest geçirildi


Orsýetli müňlerçe aktiwist prezident Wladimir Putiniň häkimiýetini ýazgaryp we syýasy tussag diýip höküm edilenleriň goýberilmegine çagyryş edip Moskwada ýöriş geçirdiler.

Polisiýa çarşenbe güni geçirilen bu protestleriň “Orsýet güni” diýilýän döwlet baýramyna gabat gelip, oňa alty müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar. Emma žurnalistleriň aýtmagyna görä, protestlere gatnaşanlaryň sany 10 müň töweregidir.

Ýörişe gatnaşyjylar Moskwanyň merkezindäki Bolotnaýa meýdanyna tarap ýörediler. Mundan bir ýyl ozal Bolotnaýa meýdanynda prezident Putiniň gaýtadan häkimiýet başyna gelmegine garşy geçirilen protestler ýowuzlyk bilen tamamlanypdy.

Protestçiler 2012-nji ýylyň 6-njy maýynda tussag edilen aktiwistleri goldap suratlary we plakatlary göterip ýöriş etdiler. Şol protestler bilen bagly 27 adam sud jogapkärçiligine çekilýär.
XS
SM
MD
LG