Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: "Sen hüjüm etseň"


Karikatura.

Karikatura.

Öz garaýşym bar

SSSR döwründe soýuz respublikalardan Türkmenistana iş sapary bilen gelýän ýazyjy-şahyrlary öýe myhmançylyga çagyryp, hezzet-hormat etmek däbe öwrülipdi.

Bir gezek Moskwadan gelen 5-6 ýazyjyny Hojanepes Meläýew öýüne myhmançylyga çagyrdy. Saçak başynda gürrüňiň akabasy aýal-gyzlara, olaryň hiç zat ýok ýerden ärlerini gabanýandygyna sapyldy. Hojanepesiň aýaly, dili päkidenem ýiti žurnalist Kümüş Meläýewa:

- Gabanmak beýle bir erbet zat däl, ol maşgala binýadyny goramak üçin gerek - diýdi. Moskwaly myhmanlaryň wezipe babatda-da, ýaş babatda-da iň ulusy, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň sekretary Ýuriý Suroççow:

- Bu meselä Marksyň garaýşy başgaça, ol ähli babatda, şol sanda aýal-gyz meselesinde-de döredijilik adamlaryna erkinlik berilmeginiň tarapdary - diýdi.
Kümüş ýeňňe gaýrat etmedi. Ol:

- Bu meselede Marksyň öz garaýşy bar, meniň öz garaýşym bar. Meniň garaýşymy Marksyň garaýşy bilen gatyşdyrmaň! - diýdi. Adatça, gündogarlylary, ylaýta-da gündogar aýallaryny syýasatdan üzňe (yzagalak) hasaplaýan moskwalylaryň Kümüş ýeňňäniň öz çeýnejek çöpleri däldigine gözi ýetip dymdylar.

Halk henekleri senden gorajak bolup

Şäheriň etegindäki daça öýleri goňşy, iki goňşynyň biri beýlekiniň öýüne gelip:
- Goňşy, öňräk bir gepiňde “Daçamda bir gün bolsam, on gün bolamok. Daça garawul gözleýän, hak-heşdeginem iliňkiden kem etjek däl, çemliräk adam bolsa aýt” diyipdiň. Pensiýa çykdym. Daçamda ýaşamakçy. Daçaňa özüm garawul bolaýyn, hak-heşdeginem oňuşarys - diýipdir. Bu gürrüňi diňläp oturan daça eýesiniň aýaly:

- Goňşy, biz-ä seniň pensiýa çykanyňy, daçaňda ýaşajagyňy eşidip, daçamyzy senden goramak üçin garawul gözleýäris - diýipdir.

Sen hüjüm etseň

Mundan 15-20 ýyl ozal Türkmenistanda mobil telefon aragatnaşygynyň ýok döwründe şäher eteginde daça öýi bolan iki adam özara gürrüňdeşlikde:

- Daçada ýaşamaýandygymyz üçin eken-dikenimiz gijeki talaňçylara, ogry-jümrä şam bolýar. Azabyny edýän biz, hözirini görýän olar - diýip zeýrenipdirler. Olaryň biri beýlekisine:

- Ekin-dikiniň ýetişýän, bagda miwäniň bişýän döwri daçamyzda ýaşaly - diýenmişin. Beýleki biri:

- Elektrik togy, telefon aragatnaşygy ýok ýerde gije ýeke ýatmaga, dogrusy, gorkýan-diýipdir. Daçada ýaşamagy teklip eden:

- Oňa çykalga bar. Ol gün “ Çagalar dünýäsi” magazininde oýunjak telefon gördüm. Gurluşy, işleýşi ýönekeý. Iki telefon apparaty bar. Batereýa oturdýaň, işläp başlaýar. Biriniň knopkasyny bassaň, beýleki jyrlaýar. Iki telefon apparatynyň arasy iki ýüz metr bolanda-da işleýär. Ikimiziň daçamyzyň arasy bir ýüz metr. Şol telefony satyn alaly! Biri seniň daçaňa hüjüm edip, miwe ogurlajak bolsa, knopkany bassaň, men kömege bararyn. Maňa hüjüm edilse, knopka basaryn, sen kömege gelersiň. Şeýdip, arkalaşyp daçamyzy gorarys - diýipdir.

Beýleki daça eýesi esli salym ýaýdanyp dymypdyr. Soňra:

- Talaň etmek üçin sen üstüme hüjüm etseň, basar ýaly ikinji knopka ýok. Sen ozal türmede oturyp gelen adam, gowusy, şu gürrüňi goýaly - diýip, onuň ýanyndan gitmek bilen bolupdyr.
XS
SM
MD
LG