Sepleriň elýeterliligi

Kasparow ýurduň daşynda, emma iş başynda


Orsýetiň küşt boýunça grossmeýsteri we oppozision aktiwisti Garri Kasparow.

Orsýetiň küşt boýunça grossmeýsteri we oppozision aktiwisti Garri Kasparow.

Orsýetiň küşt boýunça grossmeýsteri we oppozision aktiwisti Garri Kasparow ýakyn geljekde özüniň ýurduň daşynda galmakçydygyny yglan etdi. Ol syýasy sebäplere esaslanan galp aýyplamalardan heder edýändigini belledi. Emma Kasparowyň sözlerine görä, bu karar onuň prezident Wladimir Putine garşy oppozision göreşden el çekjegini aňlatmaýar.

Garri Kasparowyň ençeme wagtlap öz ýurdunyň daşynda galmagy ähtimal, emma bu onuň syýasatdan daşlaşmagyny aňlatmaýar.

Küştçi grossmeýster Orsýetiň prezidenti Putiniň syýasatyny “Gitlere mahsus” režim diýip atlandyrýar. Ol şu günki gün Orsýetde “sudlaryň galp aýyplamalar boýunça karar çykarýandygyny, polisiýanyň adamlara hüjüm edip, olary türmä basýandygyny, ýerlerdäki gubernatorlaryň eden-etdilikli hereket etmäge ygtyýarlydygyny belledi.

Kasparow ýakyn geljekde Orsýete dolanmakçy däldigi barada geçen hepde beýanat ýaýratdy. Ol şondan soň beren interwýusynda Orsýetde özüne garşy syýasy sebäplere esaslanan galp aýyplamalaryň ýöňkelmeginiň ähtimaldygyny belledi.

Sanksiýalaryň ugrunda

Kasparowyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, ol häzirki wagtda ýewropa döwletleriniň Orsýetde adam hukuklaryny depeleýän uly wezipeli resmilere garşy sanksiýalary girizmegi ugrunda tagalla edýär.

Şuňa meňzeş sanksiýalar 2012-nji ýylda ABŞ tarapyndan kabul edilipdi. “Magnitskiniň sanawy” diýlip atlandyrylýan bu sanksiýalar 2009-njy ýylda Orsýetiň türmesinde ýogalan ýurist Sergeý Magnitskiniň ölüminde eli bar diýlip hasap edilen orsýetli resmilere garşy çäklendirmeleri öz içine alýar.

Kasparow şeýle sanksiýalar Orsýetiň syýasy elitasynyň meselä ünsüni çekmek üçin zerur diýip hasap edýär. Kasparowyň pikirine görä, resmiler öz eden-etdilikli hereketleri üçin jezalandyryljagyny, ýagny Ýewropa syýahat etmekden we ol ýerde öz bikanun pullaryndan peýdalanmak mümkinçiliginden mahrum ediljegine göz ýetirseler, bu ýurduň häzirki dolandyryş usulyny goldaýan Putiniň täsiriniň-de gowşamagyna getirip biler.

Kasparow şu hedede “The New Times” gazetine beren interwýusynda Orsýeti terk etmänka öz ejesiniň ýurduň Derňew Komitetine iki gezek çagyrylyp, oglunyň nirededigi barada sorag edilendigini gürrüň berdi.

Syýasy yzarlama

Garri Kasparow özüniň we oppozisiýanyň Koordinasion geňeşiniň beýleki agzalarynyň howp astyndadygyna ynanýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, orsýet häkimiýetleriniň basyşlary oppozisiýanyň ABŞ-nyň “Magnitskiý sanawyny” goldamagy we bu sanawa Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykiny goşmak barada eden çagyryşlary bilen bagly.

Orsýet “Magnitskiniň sanawyna” jogap hökmünde orsýetli ýetim çagalaryň amerikan maşgalalaryna berilmegini gadagan edýän kanuny kabul etdi.

Küştçi grossmeýster Kasparow syýasy göreşiň entek soňlanmandygyny belleýär we geljege optimizm bilen garaýar.
XS
SM
MD
LG