Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Leniniň telegrammasy $77600 satyldy


Bolşewik lideri Wladimir Leniniň 1917-nji ýylda ýazan telegrammasy Londondaky auksionda 50 müň paunda, ýagny 77600 amerikan dollaryna satyldy. Taryhy ähmiýetli bu telegramma çarşenbe güni Kristi auksionynda satyn alyndy.

Lenin bu telegrammany 1917-nji ýylyň 6-njy aprelinde fransuz sosialist şahyry Henri Gilbekse ýazyp ugradypdy.

Şol telegrammada Lenin özüniň Orsýete dolanmak niýeti barada belläp geçýär. Lenin we Gilbeks ikisi hem Şweýsariýada sürgünde bolan döwri tanyşypdylar.

Şol döwür Gilbeks, Fransiýanyň 1-nji jahan urşuna gatnaşmagyna garşy protestleri geçirendigi sebäpli, öz ýurdunda ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolýardy. Şonuň netijesinde hem ol Şweýsariýada sürgündedi.

Şeýle-de telegrammada Lenin Gilbeksi Orsýete sapara çagyrýar. Gilbeks şol sapary 1919-njy ýylda amala aşyrypdy.

1920-nji ýylda Lenin telegrammanyň tekstini gaýtadan elde ýazypdy. Şol hat hem çarşenbe güni Kristi auksionynda takmynan 190 müň amerikan dollaryna satyldy.
XS
SM
MD
LG