Sepleriň elýeterliligi

“Supermeniň” komiksi $175 müňe satyldy


Amerikan komiks gahrymany "Supermeniň" seýrek duş gelýän 75 ýyllyk komiksi 175 müň amerikan dollaryna satyldy. Onuň alyjysy barada maglumat berilmeýär.

“Action Comics No. 1” atly komiks kitaby 1938-nji ýylyň iýun aýyna degişli bolup, ol tutuş amerikan gahrymanlarynyň ilkinji keşbidir. Häzirki wagtda olaryň sany gaty gyt. Sebäbi II-nji jahan urşy döwründe olaryň nusgasynyň aglabasy ýok edilipdir.

Şol komiksleriň başda 250 müň sanysy döredilip, häzirki wagtda olaryň diňe 100 töweregi saklanyp galypdyr.

Gurluşyk potratçysy Deýwid Gonzalez komiksleri, Minnesotada satyn alan öýüni remont edýän wagty diwary izolýasiýa etmek üçin ulanylan gazetleriň arasyndan tapypdyr.

Gonzalez 1938-nji ýyla degişli şol boş öýi takmynan 10 müň amerikan dollaryna satyn alypdyr.

Auksionda satylan komiksiň durky erbet ýagdaýdady. Sebäbi Gonzalez ony tapanda onuň arka tarapy tötänleýin ýyrtylypdyr.

Auksioneriň aýtmagyna görä, komiksdäki şol ýyrtyk onuň bahasyny 50 müň amerikan dollary töweregi pese gaçyrypdyr. Komiksiň täze görnüşdäkileriniň nusgalarynyň bahasy bolsa, 3 million amerikan dollaryna barabardyr.
XS
SM
MD
LG