Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Kerri, Hag oppazisiýa söz berdiler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag Siriýanyň oppozisiýasyna kömek etmegi dowam etdirjekdiklerine söz berdiler.

Iki ýurduň resmileri Siriýadaky söweşijilere ýarag ugradyp-ugratmajaklary barada hiç hili görkezme bermediler. Çarşenbe güni Waşingtonda eden çykyşynda Kerri Siriýadaky konfliktleriň soňuna ýetmäge kömek etmek üçin özüniň we Hagyň “has köp zatlary” ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de, çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň hökümeti oppozisiýanyň kontrollygyndaky territoriýalary “goşmaça kömekler bilen üpjün etmek üçin” Siriýa garşy käbir sanksiýalaryny ýatyrdy.

Siriýanyň režiminiň we oppozisiýanyň arasynda ylalaşyk gepleşiklerini ýola goýmak üçin ABŞ we Orsýet bilelikde inisiatiwa başlatdylar. Ýöne bu konferensiýanyň haçan geçiriljekdigi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG