Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan “soňky duýduryş” berdi


Türkiýaniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Stambulyň merkezindäki seýilgähde hökümete garşy çykyş edýän protestçilere ýüzlenip, “soňky duýduryş” bilen çykyş etdi.

Penşenbe güni telewideniýede eden çykyşynda Erdogan Stambulyň Gezi seýilgähindäki protest çärelerine polisiýanyň mundan beýläk geçirimlilik etmejekdigini aýtdy.

Stambulyň parkyndaky protestler mundan iki hepde ozal jedelli gurluşyk proýektine garşy nägilelikler netijesinde başlapdy.

Polisiýanyň protestçilere berk garşylyk görkezmegi bilen bolsa, demonstrasiýalar Erdoganyň awtoritar durşuna we Yslam gymmatlyklaryna daýanýan hökümetine garşy görülip-eşidilmedik protestlere ýazdy.

Polisiýa bilen protestçileriň arasyndaky bolan çaknyşyklarda, häzire çenli, dört adam ölüp, 5 müňden gowragy hem ýaralandy.

Penşenbe güni Türkiýäniň häkimiýet başyndaky partiýanyň, Stambulyň Gezi seýilgähini özgertmek plany boýunça referendum geçirmegi teklip edendigine garamazdan, protestçiler Taksim meýdanyndan yza çekilmediler.
XS
SM
MD
LG