Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik ymamynyň jynsy gatnaşyk wideosy internede düşdi


Duşenbedäki bir metjit
Duşenbedäki bir metjit

Täjik häkimiýetleri täjigistanly är-aýalyň jynsy gatnaşygynyň internetde nädip peýda bolandygyny derňeýändiklerini aýdýarlar. Meselä aýratyn ähmiýet berýän ýagdaý wideoda görünýänleriň oba ymamy bilen onuň aýalydygy we surata düşüreniňem ymamyň özüligidir. Ýagdaýyň şeýledigini oba ymamynyň özi hem boýun aldy.

Täjigistandaky ymamyň ykbaly, onuň jynsy gatnaşyk eden wideosy internetde peýda bolansoň, häzir sorag astynda.

Dawa geçen hepde jynsy gatnaşyk edýän iki jübütiň üç sany wideosy YouTube wideo portalynda we Facebook sosial ulgamynda peýda bolanyndan soň başlandy.

Iki minutdanam köp wagtlap dowam edýän wideolaryň birinde orta ýaşly, dykyzja, ýalaňaç erkek adam mobil telefonyny stoluň ýa-da tekjäniň üstünde goýup, düşege girip, ol ýerde ýaşyl başatgyç atynan aýal bilen jynsy gatnaşyk edýär. Wideodaky şar gara sakgally adamyň ýüz keşbi açyk saýgarylýar.

Wideolar YouTube we Facebook tarapyndan birnäçe sagadyň içinde pozulanam bolsa, 11-nji iýunda, ýagny sişenbe güni ol ýazgy ýene-de birnäçe sagatlap şol ýerde täzeden peýda bolýar.

Sorag edildi

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri işi derňemek maksady bilen paýtagt Duşenbäniň golaýynda ýerleşýän Rudaki etrabynyň Bolşewizm obasyndaky metjidiň ymamyny sorag etdiler.

Ýerli polisiýanyň Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna aýtmagyna görä, ymam özüniň aýaly bilen jynsy gatnaşyk edişini telefona düşürendigini boýun alýar.

Ady köpçülige aýan edilmedik bu ymam wideolary tnternede özüniň goýmandygyny, emma telefonyny ýitirendigini aýtdy.

Ymama garşy jenaýat işi gozgalmady.

Içeri işler ministrligi wideonyň Iinternetde goýulmagynyň şahsy durmuşy basgylaýandygy sebäpli, ony kimiň goýandygyny anyklamak isleýär.

Wideolary goýan adam özüni Soleh Hotamjon diýip atlandyrypdyr.

Wideolaryň biriniň aşagyndaky ýalan-ýaşryk ýazgyda wideoýazgydaky adamyň Täjigistanyň ”Renesans Yslamy Partiýasynyň” sakgalsyz başlygy Muhiddin Kabiridigi aýdylýar. Beýleki iki wideonyň düşündiriş ýazgylarynda bolsa wideodaky adamyň ady agzalan partiýanyň başlygynyň orunbasary Mahmadali Haýytdygy aýdylýar. Iki resmiden hiç haýsysy bu ýagdaý barada sesini çykarmady.

Ýiti reaksiýalar

Bu bolan waka Rudaki etrabynda we sosial ulgamlarda ýiti hem gazaply reaksiýalaryň döremegine getirdi.

Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň websaýtynda internet ulanyjylardan birisi şeýle ýazýar:

“Häzirki günlerde biziň kör halkymyz kim sakgal goýberip, başatgyç atynsa, şoňa çokunyp aýlanyp ýör. Ol adam özüniň jynsy gatnaşyk sahnasyny mobil telefony bilen wideo düşüripdir. Siz onuň musulmanlaryň abraýy barada alada edýändigine hakykatdanam ynanýarsyňyzmy? Men-ä ynanamok”.

Ýene biri şeýle ýazýar:

“Bu gaty ýakymsyz ýagdaý. Nädip öz aýaly bilen eden jynsy gatnaşygyny wideo düşürip, ony internetde ýaýyp bilýär? Ol ruhanylyk derejsine mynasyp däl. Oňa ruhany diýmäň.”

Seslenme soňra şeýle dowam edýär:

“Sen ýaly mollalar biziň gözel dinimiz bolan yslam dininiň abraýyny pese gaçyrýar. Sen bilýärmiň, yslamyň duşmanlaryny, gör, nähili begendireniňi? Eger men hukuk goraýjylardan bolsadym seni ömürlik tussaga höküm ederdim”.

Häzir ymamyň ykbaly sorag astynda.

Täjigistanyň döwlet tarapyndan goldanylýan Ulamalar mejlisiniň Fetwa departamenti jynsy gatnaşygy surata düşürmegiň we wideoýazga geçirmegiň günädigini tekrarlaýar.

Maslahat beriji Ulamalar mejlisi bu dawa barada 20-nji iýunda maslahat geçirjekdigini mälim etdi.

Metbugat wekili Hoji Nematullo Olimow her metjidiň düzüminde ýagdaýy maslahatlaşmak üçin, hem-de eger gerek bolsa, başga bir ymamy saýlamak üçin 20 adamdan ybarat bolan ýörite toparyň bardygyny aýtdy.

Bu guramanyň çykaran karary soňra döwletiň Dini işler baradaky komiteti tarapyndan resmi suratda tassyklanmaly.
XS
SM
MD
LG