Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Orsýete çagyryş etdi


“Human Rights Watch” guramasy üç özbegiň Gyrgyzystana iberilmezligi üçin Orsýete çagyryş etdi. Agzalýan gurama, özbekleriň Gyrgyzystana iberilen halatynda, gynamalara duçar boljakdyklary barada çynlakaý howp abanýar diýýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň penşenbe güni ýaýradan beýanatynda, Bişkek üç özbegiň 2010-njy ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasyndaky gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasynda bolan çaknyşyklar döwründe öldürmelere gatnaşandygyny aýdyp, olaryň ýurda iberilmegini isleýär diýilýär.

Şol çaknyşyklar döwründe ýüzlerçe adam öldürilipdi we müňlerçesi hem başga ýere göçürilipdi.

“Human Rights Watch” guramasy, öz ekspertleriniň Gyrgyzystandaky çaknyşyklar barada derňewleri geçirendigini aýdýar. Şeýle-de, çaknyşyklar döwründe polisiýanyň ençeme gynamalary edendigini belleýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hag Williamson “Orsýet bu adamlaryň Gyrgyzystana iberilmeginiň öňüni almak üçin özüniň halkara borçlaryny ýerine ýetirmelidir” diýýär.
XS
SM
MD
LG