Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Polisiýa ofiserleri öldürildi


Owganystanyň günortasyndaky barlag gözegçilik nokadynda alty polisiýa işgäri atylyp öldürildi. Maglumatlara görä, olaryň jesedi çarşenbe güni agşam barlag gözegçilik nokadynyň golaýynda ele salynypdyr.

Penşenbe güni Gelmand welaýat häkiminiň metbugat wekili Omar Zawakyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri beýleki bir polisiýa ofiseri tarapyndan öldürilipdir. Zawak şol ofiseriň häzirki wagtda ýitirimdigi habar berýär.

"Talyban" hüjümi amala aşyrmagy üçin polisiýa ofiseriniň özleri tarapyndan işe alynandygyny aýtdy.

Gelmand welaýatynyň ýerli resmileri, munuň dogry bolup-bolmandygyny anyklamak üçin derňewleri geçirýändiklerini habar berdiler.

Geçen aý owgan esgeri iki ABŞ-lyny atyp öldüripdi. Şeýle-de geçen hepde Gelmand welaýatynda bir owgan polisiýa ofiseri özüniň ýedi kärdeşini atyp öldürdi.
XS
SM
MD
LG