Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Garşylyk köşeşmedi


Protestçiler Gezi parkynda tans edýärler, Stambul, 13-nji iýun, 2013.
Protestçiler Gezi parkynda tans edýärler, Stambul, 13-nji iýun, 2013.
Tükiýäniň häkimiýet başyndaky partiýasynyň Stambulyň Gezi parkyny özgertmek plany boýunça referendum geçirmegi teklip edendigine garamazdan, polisiýanyň we hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň arasyndaky gapma-garşylyk dowam edýär.

Bu plana garşy çykyş edýän aktiwistleriň iki hepde mundan ozal geçiren çykyşlary we olara polisiýa tarapyndan zor görkezilmegi köpçülikleýin protestlere getiripdi we polisiýa bilen protestçileriň arasynda zorlukly çaknyşyklary tutaşdyrypdy.

Protestler ýurduň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetine garşy syýasy herekete öwrüldi. Erdoganyň garşydaşlary ony barha güýçlenýän awtoritar dolandyryşy amala aşyrmakda we dünýewi ýurtda yslamyň konserwatiw gymmatlyklaryny ornaşdyrmakda aýypladylar.

"Adalat we Ösüş partiýasynyň” teklibi

Erdoganyň “Adalat we Ösüş partiýasynyň” referemdum geçirmek barada eden beýannamasy demonstrantlary köşeşdirip bilmedi. Habar berlişine görä, penşenbe güni protestçiler hem parkda hem-de meýdançada galmaklaryny dowam etdirdiler.

Çarşenbe güni Türkiýäniň paýtagty Ankarada polisiýa müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen protestleri dargatmak üçin demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy ulanypdyr.

Referendumy geçirmek baradaky teklibiň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda Erdogan çarşenbe güni Ankarada protestçileriň kiçi topary bilen duşuşyk geçirdi we barlyşyga taýýardygyny bildirdi.

Bu duşuşyk polisiýanyň we protestçileriň arasynda sişenbe gününiň gijesi bolan çaknyşyklardan soň geçirilipdi. Şol çaknyşyklar demonstrasiýalar başlanaly bäri bolan iň zorlukly waka öwrüldi.

“Adalat we Ösüş” partiýasynyň metbugat wekili Huseýin Çelik teklip edilýän referendumyň tutuş ýurt boýunça däl-de, diňe Stambulda geçirilip, ýerli ýaşaýjylaryň pikiriniň soralmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, hökümet referendum geçirmek barada teklip etmek arkaly “gowy niýetini” mälim edýär we munuň demonstrantlaryň Taksim meýdançasyny terk etmegine itergi berjegine garaşýar.

Huseýin Çelik protestçileri Taksim meýdançasyny derrew terk etmäge çagyrdy.

Protestlere çydamsyzlyk

31-nji maýda başlanan we tutuş ýurda ýaýran protestleriň on ýyl bäri hökümet başyndaky Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýeti üçin iň uly synag bolandygy aýdylýar.

Erdogan protestlere çydamsyzlyk bildirdi we protestçileri huliganlar, terorrçylar we demokratiýanyň duşmanlary diýip atlandyrdy.

Türkiýäniň NATO boýunça ýaranlary, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigine agza döwletler Türkiýede dowam edýän zorluklar bilen baglylykda aladalanma bildirdiler we taraplaryň ikisini-de çydamlylyga çagyrdylar.

Soňky 13 günüň dowamynda protestçilere garşy ulanylan göz ýaşardyjy gazdan azyndan dört adamyň heläk bolandygy we 5 000-e golaý adamyň ýaralanandygy barada habar berildi.
XS
SM
MD
LG