Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Pikir soraşlyk syýasy çaknyşygy ýaňzydýar


Rohaniniň tarapdarlary

Rohaniniň tarapdarlary

Soňky geçirilen pikir soralyşyklaryň ikisi Hassan Rohaniniň,Eýrandaky reforma tarapdar elementleriň köpüsiniň umyt baglaýan kandidatynyň şu hepde geçiriljek prezident saýlawlarynda konserwatiw kandidat Mohammad Bager Galibaf bilen bäsleşmeli boljagyny görkezýär.

Şu hepde boljak saýlawlarda Bager Galibaf öňde barýar.

Tähranda jemgyýetçilik pikirlerini öwrenýän "Mehr" merkezi özüniň kandidatlar barada soňky iki günde geçiren pikir soralyşygynda Galibafyň, Tähranyň häzirki häkiminiň we öňki howpsuzlyk resmisiniň, pikirini aýdanlaryň 17.8 prosentiniň goldawyny almak bilen, öňde barýandygyny aýtdy. Ozalky ýadro gepleşikçisi Rohani bolsa, pikirini aýdanlaryň 14.6 prosentiniň goldawyny alypdyr.

Bu barlag netijesine 31 welaýat merkezindäki 800 adamyň pikir-garaýyşlarynyň mysalynda gelindi. Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenýän "Mehr" merkezi şu atdaky ýarym resmi habar gullugyna degişli bolup, konserwatiwlere ýakyn gurama diýip bilinýär.

IPOS başga pikirde

Başga bir gurama, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän IPOS, ýagny Informasiýa we jemgyýetçilik pikir çözgüdi bolsa, Eýrandaky adamlar bilen telefon arkaly pikir soraşlyk geçirip, Rohaniniň goldawynyň derejesiniň soňky iki günde 14.4 prosentden 26.6 prosente galandygyny, Galibafyň bolsa, pikirini aýdanlaryň 24.8 prosentiniň goldawyny alandygyny aýdýar. IPOS hususy topar bolup, oňa tanymal eýranly sosiolog we pikir soraýjy Hossein Gazian tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Ol Birleşen Ştatlarda ýaşaýar.

Soňky günlerde Eýranyň öňki prezidentleriniň ikisi, Ali Akbar Haşemi Rafsanjani we Mohammad Hatami, aýry-aýrylykda, Rohaniniň kandidaturasyna goldaw bildirdi. Olaryň häzir Eýranyň dolandyryjy elitasy bilen mäşi bişişmeýär.

Eýranyň saýlawlaryna ýap-ýaňy hem, görnüşinden, konserwatiwleriň berk kontrollugy astynda, hiç bir hadysasyz geçjek çäre hökmünde garalýardy. Rafsanjaniniň kandidaturasy ret edildi we tassyklanan kandidatlaryň arasynda ýokary lider Ali Hameneýä ygrarly adamlar agdyklyk etdi.
Mohammad Bager Galibaf döwlet telewideniýesine gelýär. 7-nji iýun, 2013.

Mohammad Bager Galibaf döwlet telewideniýesine gelýär. 7-nji iýun, 2013.


Emma daşyndan ýuwaştap görünýän Rohani prezidentlik çekişmeleri mahalynda käbir alternatiw pikirleri öňe sürdi we režimiň Günbatar bilen alyp barýan ýadro gepleşiklerindäki gowuşgynsyzlygyny tankyt etdi. Onsoň ol, kem-kemden, liderleri tussag edilen ýa gyrakladylan reformaçylaryň bil baglap biljek kandidatyna öwrülip başlady.

Rohaniniň özi hiç wagt, aýdaly, Hatami ýaly, reformaçy lider hasaplanmandy. Emma indi Eýrandaky hökümet syýasatynda uly özgerişlik görmek isleýän adamlaryn köpüsi oňa özgerişlik agenti hökmünde bil baglamaga taýýar görünýär.

Saýlaw gyzykly boljaga meňzeýär

Eger-de soňky geçirilen pikir soraşlyklar jemgyýetçilik meýliniň dogry-dürs görkezijisi bolsa, bu saýlawlaryň ikinji tapgyry hem bolup, onda gapma-garşylykly iki syýasy akymyň wekilleri bäsleşmeli bolarlar. Bu ýagdaý saýlawlaryň eýranlylar üçin hem, eýran wakalaryny yzarlaýjylar üçin hem gyzykly bir waka öwrülmegine getirer.

Rohaniniň öňki howpsuzlyk resmisi we geçen saýlawlar mahalynda demonstrasiýaçylary urandygyny tassyklaýan hökmürowan kişi bilen boljak bäsleşigi jemgyýetçiligi mazaly tijendirip, belki-de 2009-njy ýyldaky ýaly duýgularyň gaýtadan möwjemegine getirer.

Şonda eýranlylaryň köpüsi režim saýlawlaryň netijelerini öz kandidatynyň, iş başyndaky prezident Mahmut Ahmedinejadyň haýryna galplaşdyrdy diýip hasap edipdi. Şol wagt we şondan soňky aýlarda millionlarça eýranly köçelere çykyp, saýlawlaryň netijesine protest bildiripdi. Şol dargtynly günlerde ýurtda onlarça adam öldürilip, ýüzlerçe adam tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG