Sepleriň elýeterliligi

Lebap: 6 ýaşly gyz geleňsizligiň pidasy boldy


Lebapdaky ýykyk köprileriň biri.

Lebapdaky ýykyk köprileriň biri.

Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda, “Watan” daýhan birleşiginde ýaşaýan 6 ýaşly gyzjagaz, Kölary obasynyň ortarasyndan geçýän kanalyň üstünden gurlan köprüden suwa ýykylyp, gark boldy.

Ol ýetip gelýän “Kamaz” maşynyna ýol berjek bolup, köpriniň opurylan ýerinden aşak gaçypdyr.

Elbetde, şondan soň bu köpriniň bejerilendigi aýdylýar. Eýsem bu iş biraz öň, alty ýaşly çaga heläk bolmanka edilen bolsa bolmazmydy?

Aslynda şeýle pajygaly wakalara getirýän, emma wagtynda baş galdyrylsa, sähel wagtda düzedip boljak köprileriň, ýollardaky çukurlaryň uzak wagtlap hiç kimiň gözüne ilmezligine ýa-da beýle zatlara kän üns berilmezligine näme sebäp bolýar?

Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Ýaýlym Begow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG