Sepleriň elýeterliligi

Täze pasport: Bökdençlikleri nädip azaltmaly?


Türkmen pasportlary

Türkmen pasportlary

Türkmenistanda 10-njy iýuldan täze daşary ýurt pasportlary doly güýje girizilýär. Bu daşary ýurda çykmak üçin täze biometrik pasportlary bolmadyk adamlaryň ýurtdan goýberilmejegini aňladýar.

Şol bir wagtda, ýüz tutan raýatlara wagtynda täze pasportlary bermek işi hem, gowuşýan habarlardan mälim bolşuna görä, süýrenjeňlige salynýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen raýatlarynyň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda okaýan, işleýän türkmen raýatlary hem möhleti dolan pasportlaryny türkmen ilçihanalarynda täzelemek, täze pasport almak ýaly meselelerde uly kynçylyk çekýärler.

Daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň işgärleriniň käbiriniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, atlarynyň aýdylmazlygyny sorap beren maglumatlaryna görä, olarda bu işleri etmek üçin zerur bolan tehniki enjamlar hem ýeterlik däl.

Galyberse, türkmen raýatlarynyň käbiriniň tejribesinden görnüşine görä, daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň käbir işgärleri pasport bermek ýa täzelemek, möhleti dolan dokumentleriň möhletini uzaltmak meselesindäki kanunçylykdan hem ýeterlik habardar edilmändir ýa öz borçlaryny ýeterlik bilmeýärler.

Eger pasport meselesindäki süýrenjeňlikler dowam etse, kämil kanunlaryň bardygyna garamazdan, bu ýagdaý daşary ýurtlara syýahat edýän, daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän türkmen raýatlarynyň köpüsiniň hereket azatlygyna, durmuşyna, işine ýaramaz täsir ýetirer diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan raýatlar aýdýarlar.

Şonuň bilen bir wagtda, bu ýagdaý öz ýurdundan göwni bölünýän raýatlaryň sanyny köpelder we Türkmenistan intellektual resurslaryny ýitirer, ýagny ýurtdan daşaryk çykanlaryň arasynda yzyna dolanmak islemeýänler has köpeler diýen pikir hem bar.

Şu sebäpden, diňleýjileriniň käbiriniň haýyşy esasynda, Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini bu ugurdaky emeli kynçylyklaryň ýurduň syýasy-ykdysady durmuşyna ýetirmegi mümkin täsirine bagyşlady.

Telefon arkaly söhbete Aşgabatdan ýerli synçylar, hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow, graždan aktiwisti Muhammet Kelemenow gatnaşdy.

Söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, teklipleriňizi aýtsaňyz, hoşal bolardyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG