Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljegiň sürüjisiz ulaglary


Google kompaniýasy kör adamlara niýetlenen sürüjisiz ulagy işläp düzdi.
Google kompaniýasy kör adamlara niýetlenen sürüjisiz ulagy işläp düzdi.
Öýňüze aşmak üçin ýoluň gyrasynda durandygyňyzy göz öňüňize getiriň. Barjak ýeriňiziň adresini mobil telefonyňyzdaky programma ýazýaňyz, bir salymdan soňra maşyn gelýär, siz hem oňa münüp, edil adaty takside bolşy ýaly, öýňüze tarap ýola düşýäňiz.

Emma bu maşynyň beýlekilerden bir tapawutly ýeri bar, ol hem ulagda sürüjiniň ýokdugydyr.

Munuň bir ylmy çeper-eser ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Emma awtomobil senagatyndaky özgerişlikler bu planlary ýakyn gelejekde durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Özgermeler

Sürüjisiz ulaglaryň peýda bolmagy bilen, adamlaryň adaty durmuşynda köp sanly özgermeleriň bolmagyna garaşylýar. Gürrüňi gidýän ulaglaryň ulanylyp başlanmagy netijesinde ýangyjyň we wagtyň tygşytlanmagyna garaşylýar. Şeýle-de bu ulaglar gartaşan, maýyp we serhoş adamlaryň gatnaw mümkinçiliklerini has ýönekeýleşdirer diýlip çaklanylýar.

Şeýle-de bu ulaglar, awtomatiki görnüşde birnäçe, ýagny: haýsy tizlik bilen hereket etmek, maşynlaryň arasyndaky howpsuz aralygy kesgitlemek, haçan we haýsy öwrümden sowulmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirip biler. Bu hem öz gezeginde ýol dykynlarynyň emele gelmeginiň öňüni alyp biler diýip umyt edilýär.

Ýakyn wagtda awtomatiki sürüjili ulaglaryň durmuşa uly özgertmeleri getirmegi ähtimal. Sebäbi bu ulgamyň çäklerinde işleýän täze ulaglar hem çykaryldy.

Gürrüňi gidýän kompýuter ulgamlary awtoulagyň ýoldan çykman hereket etmegine, durmagyna we beýlekilere ýardam edýär.

Täze sistema ornaşdyrylan ulagyň doly sazlaşykly hereket edip bilmegi üçin, degişli tilsimatlaryň kameralar, sensorlar we radarlar bilen utgaşyp işlemegi zerurdyr.

Bu gurallar kompýuter programmasyna awtomobiliň daşynda bolup geçýän zatlar hakda maglumat berýär. Şeýlelikde kompýuter programmasy ýollaryň gyralaryny, ýollardaky çyzyklary, ýazgylary, pyýada adamlary-da seljerip bilýär.

Sözüň doly manysynda howpsuz bolmagy üçin, sürüjisiz ulaglaryň daş-töwerekdäki beýleki awtomobiller bilen hem sazlaşykly hereket etmegi başarmalydygy nygtalýar.
Miçigan ştatynyň Ann Arbor awtomobil-barlaglar merkeziniň transport ulgamlarynyň analiz bölüminiň direktory Riçard Wallas awtomobilleriň özara gatnaşykda bolmaklygynyň esasan hem ýol çatryklarynda wajypdygyny aýdýar:

"Eger siz dyknyşykly şäherde bolsaňyz, radar we optiki sistemalar burçlardaky zatlary görkezmek üçin amatsyz. Sebäbi binalar we çatryklar 90 gradus burçdaky ýoldan gelýän zady görmäge päsgelçilik berýär. Radio kommunikasiýa ýola goýulmadyk halatynda hem ýol hadysalary döräp biler".

Deslapky görnüşleri işlenip düzüldi

Sürüjisiz ulaglaryň deslapky görnüşleri eýýäm işlenip düzüldi. Emma, degişli ekspertleriň pikiriçe, olaryň halk köpçüligine elýeterli bolmagy üçin ýene-de on ýyl töweregi wagt gerek bolar.

Google kompaniýasy özüniň döreden şeýle awtomobilleriniň biriniň hiç hili ýol hadysasyna uçraman 700 müň kilometr ýol geçendigini aýdýar.

Geçen aý Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň 100 müň dollarlyk S-class awtomobillerinde "wirtual sürüji" atly ulgamy işledip görkezdi. German kompaniýasynyň aýtmagyna görä, bu sistema awtomobili şäher şertlerinde sagatda 200 kilometr tizlikde dolandyryp bilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de düýbi Britaniýada ýerleşýän Oksford uniwersiteti sürüji talap etmeýän we Apple kompaniýasynyň iPad tableti arkaly dolandyryljak awtomobiliň üstünde işleýär.
XS
SM
MD
LG