Sepleriň elýeterliligi

Häkim özüni öldürjek boldy


Dagystanyň paýtagty Mahaçgalanyň tussag edilen häkimi, aýdylmagyna görä, Moskwadaky tussaghanada özüni öldürmäge synanyşyk edeninden soň, hassahana ýerleşdirildi.

Orsýet federasiýasynyň Tussag edaralarynyň resmisi anna güni Said Amirowyň päki bilen öz goşarlaryny kesendigini aýtdy.

Onuň häzirki saglyk ýagdaýynyň “kanagatlanarlydygy” aýdylýar. Sosial ulgamlar bu habary penşenbe güni ýaýratdy.

Saidow şu aýyň başynda, 2011-nji ýylda Derňew komitetiniň resmisi Arsen Gajybekowy öldürmegi buýranlykda aýyplanyp tussag edildi. Onuň ýany bilen, bu işe kömekleşipdir diýlip, ýene iki adam tutuldy.

59 ýaşly Amirow ilkinji gezek häkimlige 1998-nji ýylda saýlanypdy. Ol onlarça kast ediş hüjüminden aman galdy.

Emma 1993-nji ýylda guralan kast ediş synanyşygyndan soň, ysmaz bolup, maýyp arabasyna baglandy.
XS
SM
MD
LG