Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň ilaty 8 milliarddan geçer


BMG dünýä ilatynyň sanynyň gelýän 12 ýylda, ýa-da 2025-nji ýylda bir milliarda golaý artjagyny, ýagny 8.1 millarda ýetjegini çaklaýar.

“Dünýä ilatynyň perspektiwalary” baradaky hasabatda Ýer togalagynda ýaşaýan adamlaryň sanynyň 2050-nji ýylda 9.6 millarda baryp ýetjegi çaklanýar.

Ilatyň esasy köpelýän ýerleriniň ösýän ýurtlara, ýaryndan hem köpüsiniň bolsa Afrika degişli boljagy aýdylýar.

Hasabatda dünýäniň baý ýurtlaryndaky ilat sanynyň, garyp ýurtlardan gelýän adamlaryň hasabyna, umuman üýtgewsiz galjagy aýdylýar.

Şeýle-de onda Hindistanyň ilat sanynyň 2028-nji ýyl töwereginde Hytaýyň ilat sanyndan geçjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG