Sepleriň elýeterliligi

Obama hukuk meselesini gozgamaly


ABŞ-nyň senatorlary özleriniň Obama adminstrasiýasyna, Orsýetiň prezidenti W.Putin bilen boljak duşuşyklardan öň, Orsýetde barha beterleşýän adam hukuklary ýagdaýyna ünsi çekmegi üçin basyş etjeklerini aýdýarlar.

ABŞ-nyň senatory Barbara Bokser Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde çykyş edip, Obama we döwlet sekretary Kerrä ýazylmaly hatyň taslamasy boýunça respublikan kärdeşleri bilen işleşjekdigini aýtdy.

Bokser ol hatda prezidentleriň 8-ler toparynyň maslahatynda we sentýabrda Obama Moskwa sapar edende, hukuk meseleleriniň gyra taşlanmazlagyna çagyryljagyny aýtdy.

Respublikaçy senator Ron Jonson hem bu pikire goldaw bildirdi.
XS
SM
MD
LG