Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly žurnalistlere haýbat atylýar


BBS-niň, Britaniýanyň teleradio gepleşikler korporasiýasynyň we Azatlyk we Azat Ýewropa radiostansiýalarynyň pars dilindäki gulluklarynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna haýbat atylýar.

BBS Eýranyň aňtaw gulluklarynyň agentleriniň Pars gullugynyň 15 maşgalasyna BBS-de işlemegi bes etmelidigi, ýogsa olaryň Londondaky durmuşlarynyň howp astyna düşjegi barada duýduryş berendigini aýdýar.

BBS-iniň başga dillerdäki gulluklarynyň başlygy Lilian Landor bu haýbatyň içinde maşgala agzalarynyň işlerini we pensiýalaryny ýitirjekdigi, Eýrandan daşary ýurda goýberilmejekdigi baradaky duýduryşyň hem bardygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň pars gullugynyň, Farda radiosynyň direktory Armand Mostofi bu haýbat atmalaryň soňky birnäçe hepdede has ýygjamlaşandygyny, häkimiýetleriň anna güni geçýän saýlawlara kontrolluk etmek üçin seresaplylyk çärelerini has güýçlendirmäge çalym edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG