Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan protestçiler bilen duşuşdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan iki hepdä uzan anti-hökümet çykyşylary soňlamak üçin protestçiler bilen duşuşdy.

Emma muňa garamazdan, protestçiler onuň Stambulyň Gezi parkyny, protest hereketiniň merkezini terk etmek baradaky "soňky duýduryşyny" görnetin inkär edene meňzeýär.

Öten agşam müňlerçe adam gijesini Taksim skwerinde we Gezi parkynda geçirdi.

Şol gije Ankarada bolan gepleşiklerden soň, Erdoganyň Adalat we galkynyş partiýasynyň sözçüsi anna güni bu duşuşygyň pozitiw bolandygyny, emma protestçileriň dargamalydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol parkda bu iş boýunça suduň karary çykarylmazyndan we wada berlen referendum geçirilmezden öň täze gurluşygyň bolmajagyny aýtdy.

Türkiýedäki anti-hökümet protestleri 31-nji maýda, polisiýa Taksim skwerindäki gurluşyklara garşy çykan protestçileri güýç bilen dargytmaga çalşandan soň möwjäp galypdy.
XS
SM
MD
LG