Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar prezident saýlaýar


Eýranlylar Mahmut Ahmedinejadyň ýerine prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýi anna güni Tähranda ses berip, Birleşen Ştatlaryň bu saýlawyň demokratiki ölçeglere gabat gelmeýändigi barada aýdanlaryny ret etdi.

"Golaýda men Amerikanyň Milli howpsuzlyk geňeşinden biriniň "Biz Eýrandaky saýlawlary kabul etmeýäris" diýenini eşitdim. Bolýar, eger siz muny kabul etmeseňiz, jähenem boluň" diýip, Hameneýi aýtdy.

Pikir soraşlyklar aram ruhany we ozalky ýadro gepleşikçisi Hassan Rohani bilen konserwatiw kandidat Mohammad Bager Galibafyň deňeçerräk goldaw alýandyklaryny görkezdi.

Rohani reformaçylar tarapyndan goldanylýar, Galibaf bolsa, Tähranyň häkimi bolmak bilen, häkimiýet goldawyna bil baglaýar.

Sakçylar geňeşi tarapyndan tassyklanan beýleki dört kandidat hem režimiň tarapdary. Eger kandidatlaryň hiç biri ýeterlik ses alyp bilmese, öňe saýlanan kandidatlar 21-nji iýunda gaýtadan bäsleşmeli bolar.

Bu saýlaw Ahmedinejat gaýtadan prezident saýlananda edildi diýilýän galplyklar zerarly turan halk protestleri güýç bilen basylyp ýatyrylanyndan dört ýyl soň bolup geçýär.
XS
SM
MD
LG