Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýa himiki ýarag ulandy diýýär


Ak tam Birleşen Ştatlaryň derňewçileri siriýa hökümetiniň himiki ýaraglary köp gezek ulanandygyny anyklady, indi Amerika siriýa pitneçilerine harby kömek bermäge başlar diýdi.

Prezident Barak Obama ozal himiki ýaraglary ulanmagyň çäkden geçmek boljakdygyny, munuň Birleşen Ştatlaryň siriýa konfliktine gatnaşygyny ýokarlandyrjakdygyny aýdypdy.

Bu habar penşenbe güni, siriýa gozgalaňçylary ençeme söweş meýdanynda ýeňlip, has kämil ýaraglary sorap başlanlaryndan soň ýaýrady.

Emma Waşingtonyň siriýa oppozisiýasynyň Ýokary harby geňeşine nähili harby ýardam berjegi anyk aýdylmaýar.

Ak tamyň beýanatynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw-maglumat gulluklary siriýa hökümetiniň geçen ýyl oppozisiýa garşy himiki ýaraglary, şol sanda nerw damarlaryna zarba urýan zarin gazyny ulanandyklaryny kesgitledi diýilýär.
XS
SM
MD
LG