Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Gizlin materiallar ýok edilmekçi


Gürjüstanyň milli baýdagy Tbilisidäki parlament binasynyň öňünde parlaýar. 7-nji iýun, 2013 ý.
Gürjüstanyň milli baýdagy Tbilisidäki parlament binasynyň öňünde parlaýar. 7-nji iýun, 2013 ý.
Bir gizlin syry gürüm-jürüm etjek bolsaň, näme etmeli?

Häzir gizlin saklanylýan bikanun we ikuçly telefon gepleşikleridir-wideoýazgylar barada pikir alyşýan gürji häkimiýetlerini we aktiwistlerini şu sorag oýlandyrýar. Bu ýazgylar köplenç Mihail Saakaşwiliniň döwründe Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan toplanypdyr.

Ýurduň häzirki içeri işler minisrti Irakli Garibaşwili bu ýazgylary ýok etmegi wada etdi. Ol Içeri işler ministrliginiň binasynyň aşaky gatynda saklanýan bu ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ýazgyny "şahsy durmuşlaryň hapa arhiwi" diýip atlandyrýar.

Sowet döwrüniň gözegçilik işlerini ýada salýan bu ýazgylar hökümete garşy durýar diýip hasaplanýan adamlara basyş etmek üçin geçmişde ulanylman hem durmandyr.

Düzgün girizmäge çagyryş

Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça öňki komissary Tomas Hammarberg häzir Gürjüstanda Ýewropa Bileleşiginiň kanuny reformalar baradaky ýörite maslahatçysy bolup işleýär. Ol öten aý Tbiliside bolanda gürji hökümetini gözegçilige degişli permanlaryň çykarylyşy babatynda berk düzgün girizmäge çagyrdy.

"Esasy zat şular ýaly ýazgylaryň jenaýat iş hasaplanmagy. Adamlara basyş etmek üçin olaryň ulanylmagy hem jenaýat iş. Olary saklamak, asyl olaryň bolmagy-da jenaýat iş. Olary ýaýratmak, başga adamlara ýetirmek hem, elbetde, jenaýat" diýip, Hammarberg aýtdy.

Ministrligiň arhiwlerini ýok etmek baradaky göçürme täze premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň Saakaşwiliniň režiminiň agzalaryny yzarlamak baradaky synanyşyklarynyň bir bölegi diýip düşünilmegi mümkin.

Mysal üçin, 8 ýyllap Saakaşwiliniň hökümetinde içeri işler ministri bolup işlän döwründe hökümet tarapyndan edilýän gözegçilikleri hut özüniň dolandyrandygyna ynanylýan Wano Meribaşwili öten aý tutulyp, wezipesinden galp peýdalananlykda günälendi. Käbir adamlar muňa syýasy öç alyş diýip at berýärler.

Iwanişwiliniň Içeri işler ministrligi bolsa arhiwi saplamagyň syýasy ähmiýetiniň ýokdugyny aýdýar.

Taraplaryň ählisi arhiwleriň dargadylmagyny oňlaýana meňzese-de, aňsatlyk bilen köpeldip, aňsatlyk bilen ýaýradyp ýa gizläp bolýan giň gerimli digital faýllary ýok etmek kyn iş.

"Materiallaryň kopiýalary"

Içeri işler ministriniň orunbasary Lewan Izoria bu gizlin ýazgylaryň kopiýalaryny saklaýan bolmagy mümkin öňki işgärleri olary yzyna bermäge höweslendirmek üçin hökümetiň olaryň günäsiniň geçilmegini teklip etmegi planlaşdyrýandygyny aýdýar: "Käbir adamlarda bu materiallaryň kopiýalary bolmagy mümkin diýip edilýän gorkular, şek-şübheler, soraglar, elbetde, bar. Biz bir günä geçiş kanunyny planlaşdyrýarys. Bu barada parlamentiň agzalary bilen hem eýýäm gepleşiklere girişdik. Bu kanun boýunça, adamlar belli bir möhletiň içinde - biz bir aý diýýäris, köp bolsa iki aý - öz kopiýalaryny barlaga bermeli".

Synçylaryň aglabasy bu materiallary ýygnamagy buýranlary geljekde kanun taýdan yzarlamak üçin ýazgylaryň iň azyndan bir bölegi saklanmaly diýýärler. Sebäbi bu ýazgylar diňe bir san taýdan köp bolman, eýse olar garym-gatym ýagdaýda.

Bir göreniň bilen olaryň haýsynyň kanuny ähmiýetiniň bardygyny, haýsynyň-da adamlaryň hususy durmuşyna garyşmakdygyny saýgaryp bolanok.

"Transparency International" guramasynyň Gürjüstan bölüminiň agzasy Ghia Gwilawanyň aýtmagyna görä, Içeri işler ministrligi bu arhiw materiallaryny ýok etmezden öň olaryň mazmunyny düýpli gözden geçirmegi teklip edipdir.

"Bize bir kanagatlandyryjy jogap berildi. Ministrlik materiallaryň iki görnüşini tapawutlandyrjaga meňzeýär. Birinjiler, hususy durmuşdan bikanun toplanan ýazgylar. Ikinjiler-de derňew üçin gerekli materiallar. Ýazgylaryň bu iki görnüşi aýry goýlup, [adamlaryň şahsy durmuşyna degişli] maglumatlar ýok ediler. Bu meniň üçin bir kanagatlanarlyk jogap" diýip, Gwilawa aýdýar.

Bu iş edilse, onda bu öňki GDA döwletlerinde bir täsin görelde bolar. Bu ýerde mobil telefonlaryň diňlenmegi, Internete gözegçilik edilmegi giňden ýaýran zat. Azerbaýjanda, Belarusda we Orta Aziýada hökümetleriň halky basyp saklamagy şu ýörelge bilen baglanyşykly zatlardyr.
XS
SM
MD
LG