Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda hususy diş lukmanlary gysylýar


Diş lukmanyň otagy

Diş lukmanyň otagy

Soňky günlerde ýurtda hususy işleýän diş lukmanlarynyň kabinetlerine hukuk goraýjy organlaryň, salgyt gullugynyň we häkimlikleriň işgärleriniň reýdleri gurnaýandyklary barada habar berilýär. Olar hususyýetçi diş lukmanlarynyň mediki enjamlaryny konfiskasiýa edip, olara jerime salýarlar.

Şeýle ýagdaýa duçar bolan lukmanlardan birem Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda işleýän we özüni Orazgeldi diýip tanadan lukman ildeşimiz. Orazgeldi bu barada şeýle gürrüň berýär: “Birinji gezek 3 müň dollar jerime salýarlar. Ýöne ýene-de bu işiňi dowam etdirseň, türmä basyljagyňy aýdyp, duýdurýarlar”.

Onuň aýtmagyna görä, ýaňy-ýakynda organ işgärleri onuň hem kabinetine gelip, onuň alyp barýan lukmançylyk işiniň bikanundygyny hem-de bu işini ýatyrmagy talap edipdirler.

Lukman ildeşimiz, emläkleri konfiskasiýa edilip, jerime salnan kärdeşleriniň hem bardygyny, şeýle lukmanlardan gaýdyp bu iş bilen meşgul bolmajakdyklary barada dilhatynyň hem alynýandygyny aýdýar.

Aşgabatly diş lukmany Orazgeldiniň aýtmagyna görä, paýtagtda we Ahal welaýatynda 45 sany hususyýetçi diş lukmany bar. Şolaryň eýýäm 25 sanysynyň lukmançylyk kabinetleri ýapylypdyr. Olaryň käbirleriniň jenaýat jogapkärçiligine hem çekilendigini ol gürrüň berdi.

Sebäp

Bu maglumaty resmi çeşmelere tassykladyp bolmady we hususy tertipde işleýän diş lukmanlarynyň garşysyna şeýle çäreleriň görlendigi barada hiç hili resmi maglumaty hem tapyp bolanok. Ýöne, Orazgeldiniň aýtmagyna görä, hususyýetçi diş lukmanlarynyň işini togtatmak baradaky mesele geçen hepdäniň anna güni paýtagtyň saglygy goraýyş müdirliginde geçirilen ýygnakda gozgalypdyr.

Şol ýygnakda ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, hususy diş lukmançylygy bilen meşgullanýanlaryň kabinetleriniň ýapyljakdygyny habar beripdirler. Şonuň yzy bilen hem lizensiýasy bolmadyk diş lukmanlaryna garşy çärelere girişilipdir.

“Lisenziýaly işleýän lukmanlary barmak basyp sanaýmaly. Lukmançylyk işi boýunça lisenziýa 2000-nji ýyldan bäri berlenok. Ýogsam, bu lisenziýany aljak bolan lukmanlar örän köp” diýip, aşgabatly diş lukmany Orazgeldi gürrüň berýär.

Ençeme ýyllap lisenziýasyz hususy lukmançylyk işi bilen meşgullanyp gelýän diş lukmanlaryndan lisenziýanyň edil häzirki wagtda talap edilip başlanmagynyň sebäbi barada hem resmi maglumat ýok. Emma Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan käbir lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, onuň sebäplerinden biriniň ýaňy-ýakynda paýtagtda Stomatologiýa merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen bagly bolmagy ahmal.

Agzalýan merkeziň diş lukmanlaryndan özüni Geldi diýip tanadan bir işgäriniň özara söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bu iş hassalaryň diňe Stomatologik merkezinde bejergi almaklary üçin edilýär. “Onsoňam, döwlet medisina edaralarynda, şol sanda Stomatologik merkezinde işleýän diş lukmanlarynyň her aýda tabşyrmaly planlary bar. Hususyýetçiler zerarly şol plany tabşyryp bolmaýar” diýip, Geldi gürrüň berýär.

Hususyýetçiler

Ilat arasynda hususyýetçi diş lukmanlara ýüz tutýan adamlar az däl. Olaryň işiniň hili ýokary, stomatologik hyzmatlarynyň bahasy hem elýeterli hasaplanýar.

Il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, adamlaryň hususyýetçi diş lukmanlaryna ýüz tutmaga ýykgyn etmeginiň ýene bir sebäbi hem döwlet eýeçiligindäki keselhanalarda giňden ornaşan parahorluk bilen bagly. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ildeşlerimiz hususyýetçi diş lukmanlaryna berilýän puly, döwlet keselhanasyna barsaň, barybir lukmanlara para hökmünde bermeli bolýandygyny nygtaýarlar.

Şol bir wagtda-da paýtagtda stomatologik materiallaryny satýan “Tebip”, “Wladmiwa” atly käbir dükanlar hem ýapylypdyr. Bu dükanlaryň ýapylmagynyň sebäplerini dükanlaryň işgärlerinden anyklamak başartmady.

Ýöne, diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, bu dükanlaryň ýapylmagy hem hususy diş lukmanlaryna garşy alnyp barylýan kampaniýa bilen bagly bolmaly, sebäbi hususy işleýän diş lukmanlarynyň köpüsi matariallaryny şol dükanlardan satyn alýardylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG