Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar täze prezidenti saýlaýarlar


Metjitde ýerleşdirilen saýlaw nokady, Tähran, 14-nji iýun, 2013.
Metjitde ýerleşdirilen saýlaw nokady, Tähran, 14-nji iýun, 2013.
Eýranlylar ses berip, Mahmud Ahmadinejadyň ýerine täze prezident saýlaýarlar.

Saýlaw nokatlary ýerli wagt bilen agşam sagat altyda ýapylmaly, emma ýurduň içeri işler ministri Mustafa Mohammad Najjar ses berişligiň wagtynyň uzaldyljakdygyny aýtdy.

Aýatolla Ali Hameneýi anna güni ses berensoň sözlän sözünde Eýranda saýlawlaryň demokratiýa laýyk geçirilişine şübheli garaýanlary ýazgardy.

Hameneýiniň tankydy

Hameneýi ýakynda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşinde Eýrandaky saýlawlaryň ykrar edilmejekdigi barada käbir çykyşlaryň bolandygyny ýatladyp geçdi. Şol bir wagtda-da Hameneýi öz sözleriniň kime degişlidigini takyklaşdyrmady.

Geçen hepdede ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň prezidentlik saýlawlarynyň açyk-aýdyň boljagyna şübhe bildiripdi we ýurtda potensial reformaçylar diýlip hasaplanýan syýasatçylaryň dalaşgär hökmünde hasaba alynmandygyny ýazgarypdy. Şeýle-de Kerri saýlaw prosesiniň açyk geçmeýandigini tankyt edip, eýran režiminiň diňe öz bähbitleri ugrunda hereket edýandigini aýdypdy.

Eýranda prezidentlik wezipesine alty kandidat dalaş edýär.

Bäsdeş dalaşgärler

Köpçüligiň pikirini öwrenmek boýunça geçirilen barlaglaryň netijesinde esasy bäsdeşligiň ýurduň ýadro gepleşikleri boýunça öňki resmisi Hassan Rohaniniň we konserwatiw dalaşgär Tähranyň häzirki häkimi Mohammad Bager Kalibafyň arasynda gitjekdigi aýdylýar.

Ýakynda Rohani ýurtda pikir azatlygynyň üpjün edilmegine çagyryş edipdi we syýasy tussaglary azat etmekligi wada beripdi. Şeýle-de ol Eýranyň gapma-garşylykly ýadro programmasynyň dowam etdirilmeginiň tarapynda çakyş edýär.

Günbatar ýurtlarynyň ençemesi Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaragyny döretmek maksadyny göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar.

Eýranyň öňki prezidentleri Mahmud Ahmadinejad we Akbar Haşemi Rafsanjany, şeýle-de baş lideri Hameneýiniň inisi Hadi Hameneýi Rohana goldaw bildirdiler.

Saýlaw bäsleşigine gatnaşýan dalaşgärler milli telewideniýede görkezilen çekeleşiklere gatnaşypdy we ýurduň içerki hem daşary syýasatyna öz garaýyşlaryny mälim edipdi.

Ses berijiler käbir çykyşlaryň täsirli bolandygyny aýtdylar. Tähranyň öz adyny aýtmakdan saklanan ýaşaýjysy Rohaniniň çykyşynyň öz ünsüni çekendigini AÝ/AR-a gürrüň berdi.

Eýranda ses bermäge hakly 50.5 milliondan gowrak raýat bar. Ses berişligiň ilkinji netijeleriniň şenbe güni irden mälim edilmegine garaşylýar.

14-nji iýunda Eýranda geçýän prezidentlik saýlawlaryna halkara gözegçileri tarapyndan syn edilmeýär.
XS
SM
MD
LG